Britaniýadaky London School of Economics ve Singapurdaky Singapore Management uniwersitedi tarapyndan bilelikde geçirilen derňewde Adamlaryň durmuşa bolan höwesini artdyrýan näme? Soragyna jogap gözlendi.
Derňewiň çäginde 18-28 ýaş aralygynda 15 müň adam bilen gürrüňdeş bolundy.
Netijeleri psihologiýa žurnaly “British Journal of Psychology"-de çap edilen derňewde iki wajyp netije ýüze çykdy.
Netijä görä ilaty az bolan ýerlerde ýaşaýan adamlar, ilaty köp bolan ýerlerde ýaşaýan adamlardan has bagtly bolýar.
Şol bir wagtda hem sosial gatnaşyklar artdygy saýyn, käbir adamlar özlerini has bagtly duýýarlar.
Emma geçirilen derňew esasan hem akylly adamlar üçin sosial gatnaşyklarda şol ýagdaýyň degişli däldigini ýüze çykardy.
Akylly admalaryň tersine akylly bolmaýan adamlaryň köpçülikde özlerini has bagtly duýýandygy anyklandy.