Gadym zamanlarda bir ýurduň bir atly patyşasy bar eken. Ol patyşa örän gazaply bolup, gün-günden onuň gazaby artýar eken. Ol halkyň, ýurduň aladasyny etmegiň deregine her gün bir bolgusyz hokga çykaryp, adamlary horlaýar eken. Günlerde bir gün ol: — Şu şäherde üç günläp hiç bir öýde yşyk ýakmaly däl. Eger kimde-kim meniň şu permanyma garşy çykyp, hökümimi ýerine ýetirmese, onda onuň başy ölümli, maly talaňly bolar — diýip, höküm çykaran. Bu hökümi şanyň hyzmatyndaky emeldarlar şäheriň ähli ýerine ýaýradypdyrlar. Şol günden başlap, hiç bir öýde yşyk ýakylmandyr. Emma şäheriň ýokary çetinde bir jaýda çyra ýanmagyny dowam edipdir. Bu ýagdaýy patyşa habar berenlerinde ol: — Belki, olar eşiden däldirler. Baryň şu haty eltip beriň — diýip, emeldarlaryndan çykaran permanyny ýazyp iberýär. Ýasawullar bu jaýa baryp görseler, içinde bir ýigit bilen bir gyz otyr diýýär. Bulara patyşanyň buýrugy ýazylan haty berýärler.
Ertesi agşam şol öýde ýene-de çyra ýakylypdyr. Bu ýagdaýy patyşa eşidýär-de: — Baryň şolara hut öz diliňiz bilen düşündiriň, belki, olar hat okap bilýän däldirler — diýip, ýasawullara buýruk beren. Ýasawullar baryp buýrugy olara gaýtalap aýdýarlar. Emma olar muňa gulak asmandyrlar. Ýasawullar ýene-de: — Eý, ýigit we gyz, siz näme üçin patyşamyzyň permanyna gulak salman, ony ýerine ýetirmeýärsiňiz. Patyşa sizi öldürer — diýip, gaýtalap aýdýarlar. Onda ol ýigit: — Eý ýasawullar, baryň, patyşa aýdyň. Biz onuň hiç bir jezasyndan, hatda öldürmeginden-de gorkmaýarys. Patyşanyň bütin baýlygyndan, biz bir-birimiziň didarymyzy müň mertebe gymmat görýäris. Biz aşyk-magşuk, baryň, şu aýdanlarymy patyşaňyza ýetiriň — diýipdir. Ýasawullar bu habary patyşa bolşy ýaly edip aýdýarlar. Patyşa dergazap bolup, olary tutup getirmekligi öz atlylaryna buýurýar-da, soňra öz aýaly bilen maslahatlaşmaga başlaýar. Patyşa: — Eý, meniň hemdemim, eger şu ikisi bir-birini tüýs ýürekden söýüp, olar bir-birine hak aşyk-magşuk bolsalar, onda men olary azat etjek. Eger olaryň söýgüsi ýalan bolsa, bir-birine biwepa bolsalar, onda olara henize çenli görülmedik jeza berjek. Sen maňa aýt, olaryň biri-birini ýürekden söýýändiklerini ýa-da söýmeýändiklerini anyklamak üçin näme etmeli, ony nädip bilmeli? — diýipdir. Aýaly ep-esli pikirlenenden soň: — Olaryň hakykatdan hem biri-birlerini tüýs ýürekden söýýändigini ýa-da söýmeýändigini takyklamak kyn däl — diýipdir. Onda patyşa: — Hany, aýt, eşideli. Nähili ýol tapdyň? — diýipdir. Aýaly äriniň ýüzüne bakyp, akyllylyk bilen şeýle diýipdir: