Eýran bilen Hytaý 25 ýyllyk strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler
+0
Tazelikler 28.03.2021ý.
test

Eýranyň we Hytaýyň Daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň arasynda 25 ýyllyk strategik hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy. Bu barada «Mehr» agentligi habar berýär.

Şu ýylyň 27-nji martynda - düýn iki ýurt Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wang Ýiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifiň gatnaşmagynda strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Bu şertnama dürli ugurlarda, esasanam ykdysady ugurda Eýran we Hytaý üçin 25 ýyllyk ýol kartasyny öz içine alýar.

Şertnama laýyklykda, Hytaý geljek 25 ýylda Eýrana bank, telekommunikasiýa, portlar, demir ýol, saglygy goraýyş we maglumat tehnologiýasy ýaly onlarça ugurda 400 milliard dollar maýa goýar. Hytaý bolsa Eýrandan nebiti yzygiderli we ep-esli möçberde arzan bahadan alar.

Habarly
HabarlyTäzeje
Okaldy: 14 gezek