Fransiýada bir aýlyk umumymilli karantin yglan edildi
+0
Tazelikler 01.04.2021ý.
test

Fransiýanyň ähli sebitlerinde şu ýylyň 3-nji aprelinden başlap, dört hepdelik karantin çäklendirmeleri yglan edildi. Bu barada «RBK» web sahypasy habar berýär.

Mundan ozal beýle çäklendirmeler diňe ýurduň 19 sany departamentinde amal edilýärdi. Çäklendirmelere laýyklykda, ähli sebitlerde sagat 19:00-dan başlap komendant sagady giriziler.

Fransiýada bar bolan ähli çagalar baglary, mekdepler we kollejler üç hepdeläp ýapylar. Talyplar ýokary okuw jaýlaryna hepdede diňe bir gezek gatnap bilerler. Ýurduň azyk önümlerini satmaýan dükanlary bilen restoranlary hem ýapylar.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň sözlerine görä, çäklendirmeler maý aýynyň ortalaryna çenli dowam eder. Çäklendirmeler tomusa çenli kem-kemden aýrylar.
 

Habarly
HabarlyTäzeje
Okaldy: 13 gezek