«Halkbank» nagt däl tölegler üçin «Halkbank terminal» mobil programmasyny hödürleýär
+4
Tazelikler 28.03.2021ý.
test

«Halkbank» Paýdarlar täjirçilik banky müşderilerini «Halkbank terminal» hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar. Müşderileriň töleg mümkinçiliklerini artdyrýan bu ykjam programmasy söwda we hyzmat kärhanalarynda nagt däl hasaplaşyklar üçin ulanylýan POS-terminallarynyň ýerini tutar.

«Halkbank terminal» programmasyny ykjam telefonyna ýükläp alanyndan soň, müşderi satyn alnan zatlar we hyzmatlar üçin nagt däl tölegleri çalt we aňsat amala aşyryp biler. Ykjam telefonyndaky bu programmanyň üsti bilen müşderi zatlar we hyzmatlar üçin nagt däl tölegleri kabul edip, amallary ýatyryp hem-de pul serişdelerini yzyna gaýtaryp, kassany ýapyp, jemleýji hasaplary geçirip bilýär, şeýle hem töleg taryhyny gözden geçirip biler.

Bu hyzmatda harydyň ýa-da hyzmatyň bahasy girizilýär we ykjam telefona ýüklenen «Halkbank terminal» programmasynyň kömegi bilen tölenilýär. Telefonda «NFC» funksiýasy, ýagny galtaşyksyz töleg tehnologiýasy bar bolan ýagdaýynda töleg geçirmek üçin müşderiniň bank kartyny degişli telefona golaýlaşdyrmak ýeterlikdir.

«Halkbank terminal» programmasy arkaly islendik smartfon hiç hili goşmaça enjamsyz hem POS-terminalyna öwrüler.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-48-37, 44-49-27.

Habarly
HabarlyTäzeje
Okaldy: 15 gezek