Maduro koronаwirus sanjymlarynyň puluny nebit bilen tölemegi teklip etdi
+0
Tazelikler 01.04.2021ý.
test

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro koronawirus sanjymlaryny öndürýän ýurtlardan alnan sanjymlarynyň bahasyny şol döwletlere nebit eksport edip, tölemegi göz öňünde tutýar. Wenesuela Lideriniň bu barada «Venezolana de Television» teleýaýlymynda eden çykyşynda dile getirendigini «SalamNews» web sahypasy habar berýär.

«SalamNews» web sahypasynyň habar bermegine görä, Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro «Venezolana de Television» teleýaýlymynda eden çykyşynda: «Wenesuelada nebit tankerleri bar, nebit satyn alyjy müşderiler bar. Ýurdumyz nebit önümçiliginiň bir bölegini halkymyzy zerur bolan koronawirus sanjymlary bilen üpjün etmeklik üçin sarp eder. Biz «COVID-19» sanjymlarynyň tölegini walýuta serişdeleri bilen däl-de, sanjym alan ýurdumyza nebit eksport edip tölemegi meýilleşdirýäris.» - diýip belledi.

Habarly
HabarlyTäzeje
Okaldy: 14 gezek