Russiýa koronawirusa garşy üçünji sanjymy öndürip başlady
+0
Tazelikler 28.03.2021ý.
test
Russiýa özüniň karonawirusa garşy «CoviVac» atly üçünji sanjymynyň önümçiligine başlady. Häzirki wagtda «CoviVac» sanjymy üçin synagyň üçünji tapgyry dowam edýär we ýakyn günlerde adamlara paýlanyp başlar. Häzirki wagtda Russiýada üç sany koronawirus sanjymy bar. Bu sanjymlaryň iň meşhury «Sputnik V» sanjymydyr. «EpiVacCorona» we «CoviVac» sanjymlary hem gyssagly ulanmaklyk üçin bellige alyndy. Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň beýanynda: «Russiýada ilaty ýurduň üçünji koronawirus sanjymy bilen üpjün etmeklik üçin, «CoviVac» sanjymynyň köpçülikleýin önümçiligine başlandy. Ýakyn wagtda, bu sanjym welaýatlara paýlanar.» - diýlip bellenilýär. «Interfax» web sahypasynyň habaryna görä, «CoviVac» sanjymynyň soňky synaglary alty aýyň içinde tamamlanar. Bu sanjymyň ýylda 10 million dozasyny öndürmeklik meýilleşdirilýär.
Habarly
HabarlyTäzeje
Okaldy: 10 gezek