Russiýada okamak üçin synaglaryň tertibi paýlaşyldy
+0
Ykdysadyýet 11.04.2021ý.
test

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz web sahypasynda kwota boýunça Russiýa Federasiýasyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler üçin uzak aralykdan geçiriljek saýlama synaglarynyň tertibini çap etdi.

Tertip bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Ilçihana education-in-russia.com portalynda hasaba alnan ähli dalaşgärleriň giriş synaglary barada maglumatlary e-poçta arkaly aljakdygyny we ýörite platforma arkaly geçiriljek synaglar baradaky görkezmeler bilen tanyşmaga çagyryş bilen ýüzlendi.

Mundan ozal, Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynda kwota boýunça okamak üçin ýüz tutýanlar üçin synag synaglarynyň möhletiniň kesgitlenendigini habar beripdik.

Habarcy
HabarcyTäzeje
Okaldy: 19 gezek