Serdar Geldiýew Türkmenistanyň futbol çempionatyna gaýdyp geldi
+0
Tazelikler 01.04.2021ý.
test

Türkmen futbolçysy Serdar Geldiýew ýene-de Türkmenistanyň çempionatyna dolanyp geldi. 33 ýaşly futbolçy «Ahal» bilen şertnama baglaşdy diýip, Türkmenistanyň futbol federasiýasy habar berýär.

Geçen ýyl Malaýziýanyň PDRM topary bilen ýurduň Superligasynda ýaryşan futbolçy toparyny ýaryş tertibiniň iň soňky basgançagyny eýelemekden halas edip bilmedi. Serdar oparyň düzüminde 11 duşuşyga gatnaşdy.

«Transfermarkt» nemes portaly türkmenistanly ýarym goragçyny 75 müň ýewro möçberinde bahalaýar.

Habarly
HabarlyTäzeje
Okaldy: 14 gezek