Türkiýe «COVID-19»-a garşy göreş çärelerini güýçlendirýär
+0
Ykdysadyýet 16.04.2021ý.
test

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan, ýurtda koronawirus pidalarynyň sanynyň ep-esli artýandygy sebäpli, şu günden başlap iki hepdäniň içinde bu babatda berk çäre görülmegini Hökümet ýolbaşçylaryndan talap etdi.

Türk Lideri: «Koronawirus ýokuşmalarynyň sanynyň köpelmegi zerarly Türkiýe Hökümeti çäklendiriji çäreleri güýçlendirmeklik kararyna geldi. Oraza aýynyň ilkinji iki hepdesinde şäherara syýahat gadagan ediler. 20 ýaşdan we 65 ýaşdan uly adamlar üçin köçelerdäki çäklendirmeler täzeden giriziler. Agşam sagat 19:00-dan, irden sagat 5:00-a çenli köçä çykmaklyk gadagan ediler. Restoranlar diňe müşderileriň öýlerine eltip bermeklik hyzmaty bilen işlär.» - diýip belledi.

Habarcy
HabarcyTäzeje
Okaldy: 19 gezek