Türkmenistanda fitnes we bodibilding boýunça onlaýn duşuşyk geçiriler
+0
Tazelikler 25.03.2021ý.
test

«Ashgabat Sport Club» sport klubynyň topary Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň bodibilding we fitnes boýunça tejribeli hünärmenleriniň we isleg bildirenleriň gatnaşmagynda onlaýn duşuşygy geçirmäge taýýarlyk görýär.

Duşuşygyň dowamynda tejribeli hünärmenlere türgeniň iýmiti, fitnes we bodibilding, sportda ruhubelentlik we ynam hem-de beýleki meseleler boýunça sowallar bilen ýüzlenip bolar.

Onlaýn duşuşyga klubyň wekilleri ― fitnes boýunça Merkezi Aziýanyň we Gazagystanyň çempiony Rüstem Garaýew, WBPF-niň halkara derejeli emini Wepa Nurnazarow, aerobike, step horeografiýa we fitnes boýunça ýörite şahadatnamaly gözegçi Olga Murnaýewa we Türkmenistanda güýç akstrimi boýunça ýaryşlary guraýjy Eduard Grigorýan gatnaşar.

Onlaýn duşuşyk 4-nji aprelde gündiz sagat 13-de başlanar. Onlaýn duşuşyk barada doly maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz

Habarly
HabarlyTäzeje
Okaldy: 9 gezek