Türkmenistanda ilkinji gezek böwrek çalyşmak operasiýasy geçirildi
+0
Ykdysadyýet 11.04.2021ý.
test

Türkmenistanda ilkinji gezek böwrek çalyşmak operasiýasy geçirildi. Bu barada saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi. Çylşyrymly operasiýa türkmen lukmanlary tarapyndan amala aşyryldy.

Näsagyň häzirki wagtda saglyk ýagdaýy kadaly. Oňa möhüm bolan gözegçilik we lukmançylyk hyzmatlary edilýär.

Döwlet Baştutany lukmanlary tüýs ýürekden gutlap, bu amalyň lukmanlar we saglygy goraýyş ulgamy üçin uly üstünlikdigini kanagatlanma bilen belledi.

Habarcy
HabarcyTäzeje
Okaldy: 28 gezek