Türkmenistanda telekeçiler bilen bagly ýeňillikleriň sany artdy
+0
Tazelikler 01.04.2021ý.
test

2012-nji ýylyň mart aýynda kabul edilen «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Kanunyň 6-njy maddasynda, ýagny hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrýanlar bolup durýanlaryň sanawynda, şeýle hem Kanunyň 7-nji maddasynda, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna degişlileriň sanawynda özbaşdak iş bilen meşgullanýan, girdejisi bolan şahslar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýerleşýän çeşmelerden we Türkmenistanyň dahylsyzlaryndan girdeji alýan fiziki şahslar hem görkezilýär.

Şeýle hem Kanunyň 7-nji maddasyna täze bölek goşulýar, oňa laýyklykda Maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik guramalarynda, olaryň kärhanalarynda we edaralarynda işleýän şahslar maýyplyk boýunça pensiýa ýa-da döwlet kömek puly alýan bolsalar, olar hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşmagyny bes edýärler.

Ätiýaçlandyrýan - fiziki şahslar bilen bagly ýeňillikleriň sany artdy. Şeýlelik bilen, fiziki şahslaryň - özleri üçin (muňa kärendeçiler degişli däldir) pensiýa gatançlarynyň beýannamasyny bermegiň zerurlygy aradan aýrylandygy sebäpli Kanunyň 21-nji maddasynyň üçünji bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar edilýär. Şoňa görä hem Kanunyň 23-nji maddasynyň dördünji bölegine hem üýtgetmeler girizilip, onda ätiýaçlandyrýanlaryň pensiýa gatançlary boýunça hasaplaşyk döwri görkezilýär.

Görkezilen ätiýaçlandyrýanlar üçin her ýylyň 1-nji ýanwaryndan 30-njy iýuny we 1-nji iýulyndan 31-nji dekabry aralykdaky döwür hasaplaşyk döwri bolup durýar.

Bu döwür üçin pensiýa gatançlaryny hasaplaşyk döwrüniň soňundan gelýän ikinji aýyň 15-den gijä galman töleýärler.

Ätiýaçlandyrýanlaryň - kärendeçileriň pensiýa gatançlary daýhan birleşikler tarapyndan Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna beýannamany bermek bilen, bir wagtda tölenilýär.

Kabul edilen Kanun bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi web sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

Habarly
HabarlyTäzeje
Okaldy: 12 gezek