Türkmenistanyň daşary işler ministri Russiýada saparda bolar
+0
Tazelikler 27.03.2021ý.
test

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikler geçirer. Bu barada “TASS” habarlar agentligi Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowanyň metbugat ýygnagyndaky çykyşyna salgylanyp berýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň 30-njy marty-2-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynda iş saparynda boljakdygy mälim edilýär.

– Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Şeýle hem rus kärdeşi bilen gepleşikler geçirer – diýip, Mariýa Zaharowa belläp geçdi.

Gepleşiklerde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, sebitleýin we ählumumy howpsuzlygyň möhüm meselelerini, şeýle hem döwletara edaralarynyň özara gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

Habarly
HabarlyTäzeje
Okaldy: 9 gezek