Türkmenistanyň Prezidenti täze kitabyny ýazyp tamamlady
+0
Tazelikler 25.03.2021ý.
test

Atly gezelençden soňra milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyndaky iş otagynda döredijilik bilen meşgullandy. Türkmenistanyň Prezidenti ak mermerli paýtagtymyzyň taryhyna hem-de häzirki döwürde ýeten derejesine, berkarar bolmagyna bagyşlanan “Aşgabat” atly kitabynyň soňky babyny ýazmaga girişdi.

Döwlet Baştutany «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgyny hem döretdi we ony hem täze kitapda ýerleşdirmegi makul bildi.

Aziýaň dür-merjeni,
Ak şäherim Aşgabat!
Dost-doganlyk merkezi,
Ak şäherim Aşgabat!

...Galkyp ganat gerdigim,
Sap söýgüden gurdugym,
Ýüregi sen ýurdumyň,
Ak şäherim Aşgabat!

Habarly
HabarlyTäzeje
Okaldy: 12 gezek