100 ýaşlylaryň uzak ýaşamak bilen bagly 100 maslahaty
100 ýaşlylaryň uzak ýaşamak  bilen bagly 100 maslahaty

100 ýaşlylaryň uzak ýaşamak bilen bagly 100 maslahaty +2

Graff, 16.09.2020
«Uzak ýaşa!» söz düzümi — birine alkyş aýtmak, minnetdarlyk bildirmek islenilende köplenç ulanylýan söz düzümi. Ýöne her kimde bir hili bolsa-da, uzak ömür sürmegiň hem özboluşly usullary, syrlary bolup biler. Biz uzak ýaşlylaryň maslahatlarynyň birnäçesine ünsüňizi çekmek isleýäris. Bu ýerde aýdylýan maslahatlardan belli bir kişi üçin peýdaly bolanlarynyň hem başga biri üçin edil islenilýän netijäni bermezligi-de mümkin. Ýöne her näme-de bolsa, bu ýazgylary okap, olardan geregiňi saýlamak we oňa eýermek üçin, oýlananyňa degýär hasap etdik.
Ine, şol uzak hem bagtly ýaşamaklygyň usullary:

Rut 92 ýaşynda her gün fitnes bilen meşgullanmaga başlapdyr...
1. Kalendara seretmäň! Goý, her gün baýram bolsun!
2. Diňe ýokary hilli zatlary satyn alyň, olar hiç haçan modadan çykmaýar. 
3. Men günde daşary çykýaryn. Hiç bolmanda, jaýyň daşyndan bir aýlaw gezim etmek üçin şeýle edýärin. Ýaşlygyň syry — hereketde.

Şindi hem işlemegini dowam etdirýän 100 ýaşly lukman adaty bolmadyk lukmançylyk maslahatlarynyň birnäçesini paýlaşýar.
4. Men fiziki maşklar düýbünden zerur däl diýip hasap edýärin. Olara gereginden artyk ähmiýet berilýär.
5. Witamin ulanmagyňyzy bes ediň! Umuman-a, lukmanlara-da ýygy-ýygydan ýüz tutmak hökmanlyk däl.
6. Aşyk boluň, öýleniň!

Uzak ýaşlynyň söýgi, bagyşlamak, garrylyk barada maslahatlary:
7. Siz hatda ýigrenç duýýan bolsaňyz hem, ony özüňizde saklaň! Her hili ýagdaýda-da özgelere yza çekdirmäň!
8. Söýgä ynanmagyňyzy dowam ediň! 
9. Hiç kim sizi dolandyryp bilmez. 
10. Aglamaga utanmaň!
11. Ýaşkaňyz syýahat ediň. Pul diýip ölüp-öçüp barmaň, toplanan tejribe puldan has wajypdyr.
12. Deňeşdirmäň! Ýogsa siz asla bagtly bolmarsyňyz. Haýatyň aňry ýanynyň oty elmydama has ýaşyl ýalydyr. 
13. Eger kimdir biri bilen duşuşmak siziň üçin oňaýsyz bolsa, ol adam bilen gatnaşyk saklanyňa degýän däldir.
14. Her gün özüňiz üçin nähilidir bir ýakymly zat ediň!
15. Gysgançlyk etmäň!
16. Bagyşlaň!
17. Özüňiziň höwes bildirýän zadyňyzy tapyň-da, şoňa berlip ýaşaň! 
18. Aglaba ýagdaýlarda dert-aladalaryň öz-özi çözülip gidýändir.
19. Hemme zat siziň ygtyýaryňyzda, özüňize baglydyr, dogry saýlamagy başaryň — diňe ata-enäni saýlap bolýan däldir.
20. Eldeki öý haýwanyny tutunyň! Käte özüňi şeýle bir ýalňyz duýarsyň, öý haýwanlary bolsa biziň ählimiziň janly-jemendeligimizi ýatladýarlar.
21. Men size belli bir ynanç-ygtykada uýmagy pent edemok. Ýöne özüňiziň ynanýan ýörelgäňizi tapyň-da, şoňa laýyklykda hem ýaşaň!
22. Uýgunlaşmagy öwreniň!
23. Ýitgileriň agysyny aglamaga gyssanmaň!

Ýüz ýaşly Edrin Li üçin uzak ýaşamagyň syry dört sany
ýönekeýje maslahatdan ybarat:

24. Öňe ýöremegiňizi dowam etdiriň, hiç haçan ruhdan düşmäň!
25. Köpräk gezim ediň! 
26. Men suwy krandan alyp içýärin. 
27. Hatda örän ölesiňiz gelse-de, öleniňe degýän däldir.

Lýusil Lýus bagta barýan ýol hakda oýlanýar:
28. Durmuş — şatlyk. Bu ýerde ähli zat adama bagly. Razy boluň! Size hemişe «bagtly» bolmak hökman däl, ýöne welin mydama göwnühoş hem razy halda boluň!
29. Ynsanlary eý görüň! Adamda gowy göreniňe degýän bir aýratynlygy tapyň! Ahyr netijede, biziň barymyz hem adam ahbetin.

Beýleki birleri üçin çözgüt bilimde:
30. Oňat bilim alyň, bu sizden hiç kimiň alyp bilmejek zadydyr. 

Ýüz ýaşy tegelän Doroti Kasteriň maslahatlary:
31.Pozitiw (oňyn) pikirleniň!
32. Her gün säher maşk ediň!

Ýüz ýaşlylaryň käbiri ýigrimi ýaşly otursa, turmasy dert kişilerden has galdawdyrlar. Şeýle garrylaryň biri, gardan typmagyň ölemen muşdagy soňky nesiller bilen öz tejribesini paýlaşýar.
33. Galdaw boluň! Men hemme zady özümçe edýärin, meselem, bir asyr ýaşan hem bolsam, lyžaly typýaryn. Güýç-gurbaty ýerinde bolsa-da, munuň bilen meşgullanýan kişiler az-azdyr.
34. Pozitiw (oňyn) pikirleniň, şonda bar zat oňat bolar. Negatiw (ýaramaz) pikirlenseňiz, öz bedeniňizi özüňiz zäherleýänsiňiz. Ýylgyryň, gülkiniň iň gowy melhemdigini aýdýarlar.
35. Men dogry iýmitlenmäge, maşk etmäge, arassa howada we güneşde köpräk bolmaga çalyşýaryn.

dowamy bar...
@Graff
BU BLOG 1502 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MyratDowlet 2 gün öň
Her kim uzak ýaşasa gelýändir dogry. hemem ölümden gorkýarlar olam dogry. Ýöne ölümem bir nygmatmyka diýip pikir edýärin. Sebäbi şeýle bir ýagdaýlar bolup bilýär welin "ölsemde dynsam" diýdirip biler. Dogrysy mendä hä bolmady. Ýöne kellämde aýlap görýän her dürli ýagdaýlary.
@MyratDowlet 2 gün öň
Mekdepde ka Görogly eposy sapagyny geçenimizde Görogly 120 ýaş diläpdir diýýär. Soňra uzak ýaşandan soňra ökünipdir diýilýär "käşge 120 ýaş dälde perzent dilesedim" diýenmiş. Sebäabi 100 ýaşyndan soňra deň duş galmandyr. Öz zürýady bolmandyr. daşgyn ýakyn dogan garyndaşlaram amanatlaryny tabşyran. Öz bilindäki kuwwatam azalan. Garaz şu ýagdaýy bilenimde mende pikir döredi, olam "ölümem bir nygmat"lygy barada.
@MyratDowlet 2 gün öň
Her kime manyly ömür nesip etsin.
@MyratDowlet 2 gün öň
Ölümem bir ýokluk dälde başga bir ýaşaýşyň başlangyjy.
@Tokmak 1 gün öň
Peýdaly maslahatlar. Yzyny hem ýetiriň, kyn görmäň.

Ýokarda ýazylanlaryň köpüsini etjek bolýan, ýöne soňky ýyllarda stress meniň bir ýanymdan galanok. Şolam meni garradýan (garratjak) zatlaryň esasylarynyň biri ýaly.
@Graff 10 sagat öň
Okanyňyz üçin minnetdar!
Stress gysga wagtlaýyn bolsa peýdaly, uzak wagtlaýyn bolsa zyýanly... bu barada ayratyn tema bolar :)