100 ýaşlylaryň uzak ýaşamak bilen bagly 100 maslahaty_3
100 ýaşlylaryň uzak ýaşamak  bilen bagly 100 maslahaty_3

100 ýaşlylaryň uzak ýaşamak bilen bagly 100 maslahaty_3 +1

Graff, 14.10.2020
(dowamy, öňi geçen temada)

Uzak ýaşlylaryň käsi ynsan gatnaşyklaryna has köp üns berýärler.  
55. Zenanlar üçin maslahatym bar. Özüňizden uly adama durmuşa çykmaň! Ýaşlar bilen durmuş guruň! 

Ýene näme? Ýaşaň!
56. Men howsala düşmän, ýöne bir ýaşamagymy dowam etmäge çalyşýaryn.
57. Men aladalaryň peýda bolşuna baglylykda, olardan baş alyp çykmak üçin, özüme bil baglamaga we özüme ynanmaga çalyşýaryn.

Käte garrylar sadaja durmuş alyp barmagy maslahat berýärler.
58. Men köp iýemok. Ýöne miweleri we gök önümleri köpräk iýmäge çalyşýaryn. Eti azrak peýdalanyp, hepdede, hiç bolmanda, iki ýola balyk iýýärin.
59. Ipoteka alan jaýymyň tölegi ýedi ýyla bölünendi. Men baryny bir bada üzlüşdim, şondan bäri hem şu ýörelgä eýerip ýaşaýaryn. Ine, uzak ýaşamagyň ähli syry.
60. Göwün halan zadyňyz bilen meşgul boluň!

Ýa-da uzak ömür şow işimikä?
61. Siziň nesil daragtyňyzyň oňat bolmagy lazymdyr.
62. Şowlulyk size ýar bolmalydyr... Tutuş ýüz ýyllap...
63. Aşa teýli nahardan çeke duruň!
64. Gaýtmaly ýeriňizden abraýyňyz barka, mynasyp derejede gaýdyň!
65. Akyl-paýhasyň aladasyny etmek örän wajypdyr. Häzir men iki derse gatnaýan... antisemitizmden başlap, häzirki wakalara çenli baryny öwrendim.

Ýaşlygyň döwrebap çeşmesi? Bu henek-degişmedir.
66. Degişme — bu ýaşaýşyň güýji, durmuş kynçylyklaryna döz gelmegiň oňat usuly. 
67. Öz üstüňizden gülmegi başarmak bilen, siz özgeleriň üstüňizden gülmegine ýol berýän dälsiňiz.
68. Men adamlar bilesigeliji bolmalydyr diýip hasap edýärin. Olar özleriniň dertdir kösençleriniň çäklerinden aňyrdaky ýatan dünýe bilen gyzyklanmalydyrlar. Olar ähli täze zatlardan, täze adamlar bilen duşuşmakdan ýa-da täze pýesa tomaşa etmekden heýjana gelmelidirler — durmuşy söýmelidirler.
69. Näme bilen gümralygyňyz esasy zat däl — siz söýgüli toparyňyzyň albomlarynyň sahabyny kolleksiýa hem edip bilersiňiz. Ýöne muny höwes bilen edýän bolsaňyz welin, onda siz dirisiňiz.   
70. Ýaşalan ýaş — bu kesel däl.

Özüňizi nädip goramalydygy barada sport janköýerlerinden maslahat:
71. Şikest almajak boluň!

101 ýaşly mamanyň agtygy öz ýöredýän blogyny peýdalanýanlara mamasyna islän sowallaryny bermeklerini teklip edipdir. Ine, onuň netijesi:
72. Dogruçyl boluň! Men seýrek halda ýalan sözländirin. Eger siz adamlar bilen dogruçyl bolsaňyz, bu ýagdaý dolanyp gelip, siziň bilenem şeýle çemeleşerler. Ýalan — aşa agyr iş, özüňe gereginden artyk agram salmak derkar däl. 
73. Kalbyňyzy açyň, şonda dünýe size beýle bir geň bolup görünmez.
74. Beýleki adamlara gulak asyň! Şonda siz täze bir zatlar bilersiňiz. Ykjam ornaşyň, sebäbi siz näderejede köp bilýänligiňizi aýtjak bolmagyň deregine, özgeleri diňleseňiz, has köp zat öwrenersiňiz.
75. Meşgullanýan işiňizi söýüň! Eger siz göwnüňize jaý bolan işi tapmagy başarsaňyz, ömrüňizde bir gün hem agyr zähmet çekip işlemeli bolmarsyňyz.
76. Her gün ymyzganyp, gözüň awusyny almak üçin wagt  tapmaga çalşyň!
77. Maşgala ýekedir, şonuň üçinem oňa berk ýapyşyň! Her niçik alada bolsa-da, maşgala bilen boluň! Käbir günler size beýlekilerden ýaramaz ýaly bolup görner, ýöne bolmalysam şeýledir: daňyň öň ýany gijäniň iň garaňky pursadydyr.
78. Men durmuşymyzy ajaýyplaşdyrýan owunjak zatlara aň etmäge çalyşýaryn. Şeýle pursatlarda wagt haýallaýar.
79. Her gün nähilidir bir gyzykly zada gümra boluň, ýogsa siziň tepbediňiziň okaldygydyr.
80. Täze zady öwrenmeklik sizi bagtyýar eder we paýhasyňyzy dury saklar.
81. Rahat uklaň, biynjalyk bolmazlyga çalşyň we ýakymly düýşlerden maza tapyň!
82. Meniň güýmenjäm köp. Bingo oýnaýan, el işleri hem meditasiýa bilen meşgullanýaryn, gartaşan adamlara niýetlenen fitnese we ýoga gatnaýaryn. Onsoňam arzanladyş pursatlaryny elden gideremok, hepdede üç gezek dükana tarap gaýdýaryn.
83. Mähirli boluň! Meniň şeýle uzak ýaşamagymyň sebäbi töweregimi meni sulhy alýan adamlaryň gallanlygy bilen baglydyr.
84. Gaýtalanmaz derejedäki kişi boluň!

101 ýaşynda söhbetdeşlik üçin gelen žurnalisti öz ulagynda şähere gezelenç etmäge çagyran Meri Kuper şeýle diýýär:
85. Men hiç haçan şerap içmedim, çilim çekmedim, neşe ulanmadym.
86. Hiç bir zadyň, aýratynam, ýol hereketiniň keýpimi bozmagyna rugsat etmedim.
87. Paýyş sözlere pisindim oturanok. Eger bir kişi kejigip, gaharlanyp ugrasa, men şobada ol ýerden gaýtmak bilen bolýaryn. Men ýagşylaryň arasynda bolmagy halaýaryn, olar durmuşa höwesiňi artdyrýarlar. 

Başga näme? Ahyr netijede, maslahatlaryň aglabasy bir akaba syrygýar — durmuşy doly ýaşaň!
88. Kesekiniň işine gatyşmaň, zyýanly nahary iýmäň! 
89. Gülki sagdynlyga ýardam edýär. Eger ähli zadyň gülkünç tarapyny görmegi başarsaňyz, uzak ýaşarsyňyz. Gussany barmak çommaldyp kowuň, gama batmaň! Gülýän bolsaň, sen gaharlanyp ýa-da gaýga galyp, ýa bolmasa bahyllyk duýup bilmersiň. 
90. Eger kyn güne galan adama kömek goluny uzatmak mümkinçiligi dörän bolsa, men ony peýdalanýaryn. 
91. Goý, siziň işdäňiz-ä açyk, dostlaryňyz köp we boş wagtyňyz az bolsun!  
92. Gowy aýal hem arassa ahlak gerek.  
93. Hiç haçan jogapkärçilikden gaçmaň! 
94. Bilesigeliji akylyňy saklap galmak örän möhümdir. 
95. Ünsli, işjeň we medeniýetli adam boluň! Özgäniň tüýdügi astynda tans oýnamaň! 
96. Çilim çekmäň, şerap içmäň, gol gowşuryp, ruhdan düşmäň! 
97. Bir gün bilen ýaşaň we pursady elden gidermäň! 
98. Bagty isläp bilersiňiz, ýöne iň gowy zatlarymyň baryny men kyn döwürlerde döretdim. 
99. Etmeli işiňizi bitiriň! Oýlanyp oturmaň-da, iş ediň! 
100. Köşeşiň we durmuşdan lezzet alyň, boljak işe çäre ýokdur... 

Gyzykly bolandyr we peýdaly boljak ýerleri bardyr diýip umyt edýärin. Sizem öz maslahatlaryňyzy, pikirleriňizi paýlaşyp bilersiňiz!
Janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun mähriban okyjylar!

taýýarlan: @Graff
BU BLOG 1608 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MissMeri 5 gün öň
Tüweleme, kän usullary bar... :D
Hakykatdanam dogry
@Graff 5 gün öň
hawa, köp ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň birnäçe meňzeş prinsipleri bar eken :)
@yzgant 9 sagat öň
Bu aýdylanlaryň arasynda Ezraýyl ýokla
@MyratDowlet 8 sagat öň
@yzgant dost bu aýdylýanlar seýlede Ezraýyl hezretlerinden gaçmak üçin. Nädip ýatlasyn Ezraýyly