Bir birege kine etdik ýene-de...

Bir birege kine etdik ýene-de... +2

lifeisgood07, 16.09.2020
Bir birege kine etdik ýene-de,
Indi dünýäñ özem bizden öýkeli.
Ýürekden ýürege ýol çeken söýgiñ,
Terpinipdir gursakdaky heýkeli.

Kineli bolsamam halyñy her çak,
Gökden uçan durnalardan soradym.
Gabanýaryn seni özge gözlerden,
Hemem seni öz gözümden goradym.

Hatar gurap geçip barýar günlerem,
Ýol bolupdyr düýnki inçe ýodalar.
Men-ä seniñ barlygyñda ýaşadym,
Senem meni ýatlaýansyñ käteler.

Uzaklardan sözleşeli ikimiz
Şemallary çapar edip arada.
Ýöne bolsun gürrüñmiziñ ählisi,
Bir-biregi bagyşlamak barada…

Allanur Çaryýew
BU BLOG 28 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@BezZzaT 3 gün öň
gou eken