100 ýaşlylaryň uzak ýaşamak bilen bagly 100 maslahaty_2
100 ýaşlylaryň uzak ýaşamak  bilen bagly 100 maslahaty_2

100 ýaşlylaryň uzak ýaşamak bilen bagly 100 maslahaty_2 +2

Graff, 28.09.2020
«Uzak ýaşa!» söz düzümi — birine alkyş aýtmak, minnetdarlyk bildirmek islenilende köplenç ulanylýan söz düzümi. Ýöne her kimde bir hili bolsa-da, uzak ömür sürmegiň hem özboluşly usullary, syrlary bolup biler. Biz uzak ýaşlylaryň maslahatlarynyň birnäçesine ünsüňizi çekmek isleýäris. Bu ýerde aýdylýan maslahatlardan belli bir kişi üçin peýdaly bolanlarynyň hem başga biri üçin edil islenilýän netijäni bermezligi-de mümkin. Ýöne her näme-de bolsa, bu ýazgylary okap, olardan geregiňi saýlamak we oňa eýermek üçin, oýlananyňa degýär
hasap etdik.

(dowamy, öňi geçen temada)

Köp sanly uzak ýaşlylaryň barlygy bilen meşhur bolan Sardininiň (Italiýa) ilatyndan maslahatlar. Olar saglyk hem lukmançylyga degişli maslahatlaryny paýlaşýarlar.
36. Uzak ýyllaryň dowamynda men hiç hili derman ulanmadym. Ol o diýen bir peýdalydyram öýdemok. Lukmanlaryň köpüsi bolsa sizi tejribe geçirilýän towşan hökmünde ulanýandyr.
37. Öte ir ölmäň!

Uzak ýaşlylaryň maslahatlarynda bir umumylyk bar — herekete bolan höwes.
38. Hiç bir zada garamazdan, öňe ýöremegiňizi dowam ediň!
39. Siz ýerli meselelere üns berip bilersiňiz. Ýöne dünýede juda täsin zatlar näçe diýseň bardyr.
40. Goý, siziň öýüňiz mydama mähelleli bolsun! Adamlar hemişe meni ruhlandyrypdy. 
41. Öňe tarap hereket ediň!

Uzak ýaşlylaryň köpüsi fiziki maşklaryň güýjüne ynanýarlar.
42. Men ulagymyň kürsüsinde najyrap ýatman, gezim etmegi halaýanlygym sebäpli bu ýaşa ýetdim.
43. Men öwrenen-bilen zatlarymyň baryny synap gördüm: balet, ýoga bilen meşgullandym. Gündelik alty kilometr ýol sökdüm. Şonuň üçin men şeýle çeýeligime galdym, hatda kitap hem ýazdym.

Ýüz ýaşly lukmanyň ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak pentleri bar.
44. Çagalykda juda şadyýan bolanlygymyz ählimiziň ýadymyzdadyr, hatda köplenç naharlanmagy hem ýatmagy-da unudandyrys. Men ulular hem şeýle etmeli diýip hasaplaýaryn. Naharlanmagyň we ukyňy almagyň kadasy bilen özüňiziň halys bizar 
bolmagyňyza ýol bermäň!  
45. Ertirlik hökmünde men kofe, bir bulgur süýt hem-de bir nahar çemçesi zeýtun ýagy goşulan apelsin şerbetini içýärin. Günortanlygym — süýt hem köke, eger juda işli bolsam — hiç zat. Men hiç haçan açlyk duýmaýaryn, sebäbi bar ünsümi işimde jemleýärin. Şamlyk naharym — gök önümler, biraz tüwi bilen balyk. Şeýle-de hepdede iki gezek 100 gram ýagsyz et iýýärin.  
46. Pensiýa çykmajak boluň, eger halys çykmak isleýän bolsaňyz — 65 ýaşdan ir gitmäň!  
47. Eger lukman size nähilidir bir operasiýany maslahat berýän bolsa, ondan aýalynyň ýa çagasynyň şeýle haly başdan geçirmegini isläp-islemeýänligini sorap görüň! Dürlüçe pikir-garaýyşlaryň barlygyna garamazdan, lukmanlar hemme kişä şypa berip bilmeýärler. Şonuň üçin gerekmejek operasiýa bilen agyryny artdyrmaga näme zerurlyk bar? Men haýwanlar hem saz terapiýasy, lukmanlaryň göz öňüne getirişindenem has köp zada ukyplydyr diýip hasap edýärin. 
48. Eger sagdyn bolup galmak isleýän bolsaňyz, basgançakdan peýdalanyň we öz goşuňyzy özüňiz göteriň! 
49. Robert Brauningiň «Abbat Fogler» atly goşgusy meni ruhlandyrýar. Şahyr bizi bolgusyzja zatlary däl-de, uly sungat eserini döretmäge çagyrýar. Goşguda ömrümiziň dowamynda iki ujuny birikdirmek şindi dirikäk mümkin bolmaz derejedäki äpet aýlawyň suratyny çekmäge synanyşmagyň gerekdigi aýdylýar. Biziň ähli görýänimiz bir bölek egremçedir, maksat bolsa, gözýetimimizden aňyrda bolsa-da, bardyr. 
50. Agyry-ynjy — syrly zat. Ony unutmagyň iň gowy usuly — şatlanmak.  
51. Maddy zat toplamagyň aşa köp gamyny iýmäň! Ýatda saklaň: müddeti gelende o tarapa siz hiç zat äkidip bilmersiňiz. 
52. Ylym, öz-özlüginde kömegem bermeýär, adamlara em hem etmeýär.  
53. Öýkünmek üçin özüňiziň göreldäňizi tapyň we ondanam has ulurak derejä ýetmäge çalşyň. 
54. Uzak ýaşamak — ajaýyp. Ilkinji altmyş ýyly maşgalanyň üpjünliginiň we maksadyňa ýetmegiň hatyrasyna işlemek aňsat. Soňra bolsa jemgyýete peýdaly bolmak üçin yhlas etmeli bolýarsyň. 65 ýaşymdan bäri men meýletinçi hökmünde işledim. Häzire çenli hem hepdäniň ýedi gününi 18 sagatlap, her bir minutdan lezzet alyp işlemäge gurbum çatýar. 

dowamy bar...

@Graff
BU BLOG 27 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@IDEALLIDER 3 hepde öň
Like
@Tokmak 3 hepde öň
"..Öte ir ölmäň!"

Gowy maslahat beripdir-aý, beh. :D Чувство юмора хорошо сохранилось.
@MissMeri 3 hepde öň
)))
@Graff 3 hepde öň
@Tokmak :D hawa