Düýş ýorujy
 Düýş ýorujy

Düýş ýorujy +5

MissMeri, 14.10.2020
Bir hökümdar gorkunç düýşinde ähli dişleri yzly-yzlyna gopýanyny gördi. Gaty aladalanyp, düýşleri ýorup bilýän adamy özüne çagyrdy. We düýş ýorýançy ony diňläp we aladaly aýtdy:
 
 “Hökümdarym, size gynançly habary aýtmaly. Siz öz ýakyndaşlaryňyzyň hemmesini ýeke-ýekeden ýitirersiňiz.
 
 Bu sözler hökümdaryň gazabyny oýardy. Ol betbagt adamy türmä taşlamagy buýurdy we düýşi diňläninden soň başga bir düýş ýorýançyny çagyrdy:
 
 - Men hoş habary saňa aýtmaga şat - sen ähli ýakyndaşlaryňdan uzak (köp) ýaşap geçersiň - başga ýorýançy diýdi.
 
 Hökümdar bu çaklamasy üçin begendi we sahylyk bilen sylaglady. Köşkdäkiler gaty geň galdylar.
 
 - Oňa öňki görgüli şol bir manyly zat seň aýdanyň ýaly aýtdy ahyry, näme üçin ol jezalandyryldy, a sen bolsa sylag aldyň? - diýip soradylar.
 
 Jogap:
 
 “Ikimizem düýşi şol bir manyda düşünip ýorduk. Ýöne bularyň hemmesine näme diýmelidigine dälde, a nädip aýtmalydygyna bagly.
Akyldar

     
                                                         @MissMeri
 
BU BLOG 54 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MyratDowlet 4 gün öň
Super hekaýa.
@MissMeri 4 gün öň
@MyratDowlet Bolýar...)))
@MyratDowlet 4 gün öň
Bir medresede okap ýören talyp, öz mugallymyna men ylmym ýetik, men ýetişdim indi diýýär. Şol sebäpli men medresäni taşlap gitjek diýýär.
Mugallymy sen häli okamaly, öwrenmeli zatlaryň kän, ýöne gidesiň gelse özüň gör diýýär. Şeýlelik bilen ol medreseden gaýdýar. Ilkinji öňünden çykan şäherde metjide barypdyr. Görse bir mollasumak orta çykyp ýalan-ýaşryk, ýoýulan zatlary aýdyp dur. Galybersede bir giden märeke ony diňleýän ekenler. Ýaňky talyp ýerinden turup şeýle diýip gygyrypdyr:
"Bu adam ýalançy, ol kezzap, aýdýanlaryna ynanmaň" diýip gygyrýar.
Märeke muňa garşy çykyp ýaňky talyby ýenjip urupdyrlar.
Gara gana bulaşan talyp yzyna medresä barypdyr we okuwyny galan ýerinden dowam edipdir.
Bir näçe ýyl geçen soňra medreseden uçrum bolýar. Şol geçenki taýak iýen şäherindäki metjide barýar. Görse şol ýalançy molla, ýalan-ýaşryk, ýoýulan zatlar aýdyp dur.
Talyp bu gezegem çydabilmäni ýerinden turýaram şeýle diýip gygyrypdyr: "Kimde kim mollanyň sakalyndan bir ýekeje tar goparsa ol jennetlikdir" diýýär.

(yzyny özüňiz göz öňüne getirmeli)
@MyratDowlet 4 gün öň
Ýokarka meňzeş ýene bir hekaýa:
Bir patşanyň gowy görýän gyr aty bar ekeni. Patşa seýislerine şeýle diýip aýdýar: "Kimde kim bir güni meň atym "öldi" diýip birinji habar bereniň kellesini alaryn" diýýär.
Bir gün ahyryn at ölýär. Seýisler gaty aladalanýalar. Kim birinji habar bermeli diýip arasynda dawa turýar. Ahyryn garry seýis men aýdaryn diýip öz üstüne jogapkärçiligi alýar.
Garry seýis patşanyň ýanyna barýar we şeýle diýýär:
"Patşam siziň gowy görýän gyr atyňyz şu günden başlap hiç zat iýenok-içenok, özem ýerde ýatyr, üstesine gözem ýapyk we demem alanok" diýýär.
Patşa ýerinden turup: "ÖLDI" diýipdir.
Garry seýis derrew "men birinji "ÖLDI" diýmedim" diýýär.
Şeýdip seýisler halas bolupdyrlar.
@MissMeri 4 gün öň
Gowy oýlapdyrpar...)))
@MyratDowlet 4 gün öň
Garaz hekaýalardan netije şu bolýar: Nirede nähili geplejegiňi gowy bilmeli.
@MissMeri 4 gün öň
@MyratDowlet Да, это так и есть)
Правильно сказали
@Graff 4 gün öň
Gyzykly hekaýalar!
@MissMeri 4 gün öň
Thank you!!! ))