Üç dogan we Bagt
 Üç dogan we Bagt

Üç dogan we Bagt +2

MissMeri, 17.10.2020

Bir gün üç dogan Bagtyň çukurda oturandygyny gördüler.
 
 Doganlaryň biri çukura baryp, Bagtdan pul sorady. Bagt oňa pul berdi we bagtly gitdi.
 
 Başga bir dogan owadan aýal sorady. Derrew aldy-da, bagtdan ýaňa özini bilmän gaçyp gitdi.
 
 Üçünji dogan çukuryň üstünde egildi:
 - Saňa näme gerek? - diýip, Bagt ondan sorady
 
 - A saňa näme gerek? - diýip sorady.
 
 - Meni şu ýerden çykar - diýip, Bagt haýyş etdi. Ol dogan elini uzatdy, Bagty çukurdan çykardy, yzyna öwrülip gitdi. We hem Bagt onuň yzyna düşdi.

                                                          @MissMeri
BU BLOG 12 GEZEK OKALDY.

Teswirler