Türkmenleriñ sany 5 milionmy ?
Türkmenleriñ sany 5 milionmy ?

Türkmenleriñ sany 5 milionmy ? +6

NazarSTG, 21.11.2020
(Belki şu güne çenli buýsanç bilen ýazan temalarymyñ biridir)
Şu güne çenli Dünýäniñ her ýerine dagap giden milýonlarça Türki halk bardyr. Owganystan, Eýran, Yrak, Siriýa, Russiýa, Hytaý ýaly ýurtlarda ençeme türki adamlar ýaşaýandyr. Olaryñ biride Eýrandaky Türkmen sähra Türkmenleridir. 
Dünýäde Oguz türkleri tarapyndan gurlan iki bitarap döwlet bar, ol Türkiýe we Türkmenistandyr. Ýöne Dünýäniñ her ýerinde diýen ýaly milýonlarça Türki halklar bar. 
Türkiýede Türkler/Türkmenler barada ençeme zat çyzylyp pozulan bolsada Eýran Türkmensähradaky sanlary 22.5 mln - dygy çak edilen Türkmenler barada doly maglumat ýok. 
Türkmensähra Türkmenleri
Türkmenleriñ we Türkmensähradaky ýaşaýan Türkmenleriñ milli şahyry bolan Magtymguly Pyragyny ýüreklerinden alan Gökleñ taýpalary, Eýranda 'türkiligini' iñ köp goraýan jemgyýet hökmünde tanalýar. Mundan daşary Türkmenistan, Türkiýe we başga türki milletlerinini özlerine dogan hökmünde görüp, ynançlaryna, batyrlyklaryna buýsanyp ýaşaýan taýpadyr. Eýrandaky Türkmenleriñ sany 3 mln - dan geçýändigi bilinýär. Dünýä banky ýurtlar profilindäki sana görä Eýranyñ doly halkyny 66 mln hasap edemizde onuñ 42 % Türkler tutýar. 
Türkmenleriñ Eýranda bolmalary miladynyñ başlaryna çenli daýanýar. Eýrandaky ilkinji taýpalaryñ 'Gyzyl' we 'Ak han' türkmenleridigi aýdylýar. 1040 njy ýylda Eýran topraklaryna höküm eden Gaznalylar bilen Seljuklaryñ arasynda geçen Dañdanakan urşynda Gaznalylaryñ ýeñilmesi bilen Eýranyñ gapysy Türkmenlere doly açyldy. Şu ýyldan soñ Türkmenler 1000 ýyllap Eýranda agalygyny gorap gezdi. Şo wagtyñ içinde Eýrany Seljuklar, Timurlar, Ilhanlylar, Ak goýunlylar we Gara goýunlylar dolandyrdy. Asyrlar boýunça Türkmenleriñ elinde galan Parslar 1925 nji ýylda medeniýeti doly eýeledi. Şundan soñra olar Türkmenleri özlerine biraz howp hökmünde görip olara garşy taýynlyklar düzüp ugradylar. 
Eýranda ýaşaýan Azerilerden soñra Türkmenlerin iñ köp ýaşaýan ýeri Türkmensähradaky Sünni Türkmenler bolupdyr. Bu ýer Eýrança 'Deşt-e Gorgan' diýilsede Türkmenleriñ arasynda Türkmensähra diýip atlandyrylýar. 
Bu ýer Türkmenistanyñ çäginden başlap Hazar deñzine çenli uzaýar we bu ýer Gülistan welaýatynda ýerleşýar. 
Eýranda Türkmenler 'Salyr', 'Teke', 'Gökleñ', 'Ýomut' taýpalaryndandyr. 
1881 nji ýylda Eýran bilen Russiýanyñ arasynda bir şertnama gol çekilýär we bu iki ýurt tarapyndan paýlaşylýar. Şeýlelik bilen Russiýanyñ içinde galanlar Türkmenler diýip atlandyrlanda Eýrandaky galan Türkmenler 'Eýran Türkmenleri' diýip atlandyryldy. 
Eýranda ýaşaýan Türkmenler özleriniñ azatlygy üçin 1920 njy ýyldan garşy gelip başladylar. 1924 nji ýylyñ 20 nji maýynda Türkmenler Eýran topragyndan aýrylyp garaşsyz 'Türkmen respublikasy'-ny döretdiler. Türkmenler özleriniñ asyrlardyr ýaşaýan topraklarynyñ azatlygy üçin göreşýärdiler. Türkmenler Eýran bilen başa çykmak üçin güýçli serkerdelere mätäçdi, onuñ üçin harby okuw açmak gerekdi. Şo sebäpli Türkmenler Türkiýedäki serkerdeleri mugallym hökmünde çagyrdy. 
1925 nji ýylda Eýran Türkmenlere uly garşylyk görkezdi. Şo wagtlar iñlisleriñ kömegi bilen tagta geçjek bolýan Ryza hanyñ tagta geçmek üçin bir garşylygy galypdy, olam Türkmenleriñ aýaga galmasyny ýatyrmakdy. 1925 nji ýylyñ iýun aýynda 'Bocnurd' meýdanynda hökümet bilen Türkmenlerin arasynda kiçiräk uruşlar boldy. Bu uruşlaryñ netijesinde Eýranyn harby güýjinden ejiz gelen Türkmenler Sähra tarap çekilmeli boldylar. Şo ýylyñ iýul aýynda Türkmenleriñ ulylary aralarynda ýygnak geçirdiler we 'Eýran garaşsyz Türkmen döwletini tanaýança garşylyga dowam' diýdiler. Ýöne ýygnagyñ göni yzyndan 22 nji iýulda Maşatda Hanı Moazzez we ýanyndaky adamlara 'Türkmenler bilen Eýran hökümedine garşy gitdi' sebäbi bilen ölüm jezasy berildi. Bu jezalar Türkmen hereketlerini durduryp bilmedi we bu jeza Eýran hökümediniñ biraz gowşamasyna sebäp boldy. 
1925 nji ýylyñ oktýabr aýyndan başlap Türkmenler Eýranlaryñ garşysynda kyn ýagdaýa düşdiler. Eýran hökümedi Türkmenleriñ köp bolýan ýerlerine garşy hereket edip Türkmenleriñ direnişini duzurdylar. Ryza hanyñ tagta geçmegi bilen birlikde Türkmenleriñ ýagdaýy has agyrlaşdy we 1925 nji ýylyñ 12 nji noýabrynda Osman Ahun we beýleki Türkmenlerin köpüsi Sähradan çekilip Türkmenistana geçmeli boldylar. 1925 nji ýylyñ dekabr aýyna geçilende bolsa Türkmenleriñ herekedi doly ýatyrlypdy. 
Ryza han tagta geçip, Türkmenleriñ herekedini doly ýatyrandan soñra, ýene Türkmenleriñ aýaga galmazlygy üçin birtopar işler geçirip ugrady. Bu işleriñ başynda ilki bilen Türkmenleriñ ýaragyny ýygnady. Soñra Türkmenleriñ köp bolýan her ýerine Eýran gözegçilerini goýdy. Bu zatlaryñ daşynda iñ erbedi bolsa Türkmen jemgyýetini doly ýatyrmak, Türkmenleri 'Eýranlaşdyrmak' 'Parslaşdyrmak' üçin Türkmen mekdepleriniñ ýapylmasydy. Muña derek Pars dili öwredýan okuwlar açylyp ugrady. Şuwagtam okuwlarda Türkmenler Parsça okaýarlar we Parsçany gowy bilýärler. Muny Türkmensähra diýlende ilkinji ýada gelen Amin Rasen gardaşymyz hem aýdypdy. Bu zatlar has ulaldy we soñra Türkmenleriñ milli eşiklerini geýmesi, milli tagamlaryny iýmesi, däp - dessurlaryny etmeleri hem gadagan edildi. 
Eýran hökümedi Türkmenleri has beter syndyrmak üçin gaty uly ýola baş goşdy. Eýranda ýaşaýan kürtleri Türkmenleriñ ýaşaýan ýerine göçürip, kürtleri Türkmenlere garşy ýarag hökmünde ulanjak boldy. Ýöne hökümediñ bu islegi başa barman, 'Türkmen - Kürt doganlygy' peýda boldy we aralarynda hiç bir oñuşmazlyk bolmady. Türkmenler Eýranlylardan ýaragda yza galmalary bilen birlikde syýasetdede yza galypdyrlar. 
Türkiýe hem Eýrandaky ýaşaýan Türki halklaryndan ýekejede habar tutanok, hatda olarda o barada ýekejede maglumatam ýok, Atatürk döwründe Atatürk Eýrandaky Türkmenlere başardygyça kömek edipdir, ýöne ol ölenden soñra Türkmen unudyldy, we şo unudylanlygy 20 nji ýüz ýylyñ soñuna çenli dowam etdi. 
Eýranda ýaşaýan Türkmenler özleriniñ asudalygyny, atlaryny gorap saklamak üçin ýekeje özleri öz başyna hereket etýärler. Türkmensähradaky Türkmenler 1991 nji ýylda döredilen 'Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birligi' ýygnaklarynda, şo döwrüñ hökümeti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan ýatlanypdyr. Soñra syýasy işler maslahatlar ýüzünden Eýrandaky Türkmenler ýene ýalñyzlyga itildi. 
Owgan Türkmenleri 
Owganystanda hem aýdylmagyna görä 1 mln dan gowrak Türkmen ýaşaýar. Wikipedianyñ maglumatyna görä Owganystanda 1.1 mln Türkmen ýaşaýar. Ýöne o ýerdäki Türkmenleriñ ýaşaýyş şertleri has kyn eken. Talibanlar bilen baş eden Türkmenler olardan goranmak üçin ýaragly toparyny döredipdirler, Talibanlar bilen aralarynda ençeme uruşlar bolupdyr. Talibanlar o ýerdäki Türkmenleriñ müñlerçesini öldüripdir. Şo sebäpli çagalaryny, gyz gelinlerini goramak üçin ellerine ýarag alypdyrlar. Ýöne ençeme ýyldan bäri şo ýerde ýaşamalaryna garamazdan öz ene dillerine unutmandyrlar. 
Siriýa Türkmenleri 
Türkmenleriñ Türkmenistandan ikinji iñ köp ýaşaýan ýeri Siriýadyr. Siriýada 3.5 mln Türkmen ýaşaýar eken. Siriýadaky Türkmenleriñ köpüsi Osmanly hökümdarlygynda (1516 - 1918) Siriýa göçüp gelen Türkmenleriñ agtyklarydyr. Munyñ bilen birlikde Seljukly döwründe gelen Türkmenlerem bardyr. Siriýadaky Türkmenleriñ köpüsi Türkçe we Arapça gürleýändir.(Ýagny indi ene dilini gürlemeýänler) Siriýadaky Araplardan we Kürtlerden soñra Türkmenler şo ýerdäki üçünji uly taýpadyr. Siriýadaky Türkmenleriñ köpüsi Sünni musulmanlardyr. 
Siriýaly türkmenler Türkiýedäki we Yrakly türkmenler, türk halky bilen umumy nesil daragty we dil gatnaşyklaryny paýlaşýarlar. Ýöne özlerini Türkmenistan we merkezi Aziýa Türkleri bilen baglanyşdyrmaýarlar. Köpüsi Siriýa-Türkiýe serhediniň golaýynda, Idlib we Halap welaýatlarynyň demirgazyk-günbatar häkimliklerinden Rakkanyň demirgazyk-gündogar häkimligine çenli ýaşaýarlar. Beýlekiler Hama, Damask we Latakiýanyň golaýyndaky Türkmen dagynda, Hama, Damask we Dera'a (Iordaniýa bilen serhetleşýän) we Kuneýtra (Ysraýyl bilen serhetleşýän) günorta-günbatar häkimliklerine çenli ýaşaýarlar.
Ýyllarça dowam eden Siriýanyñ içindäki uruş sebäpli ençeme Siriýaly Türkmenler hem ol urşa gatnaşmaly boldy. Köpüsi resmi Siriýa Türkmen birliginiñ ady bilen birleşip bir goşun bolsada köpüsi Siriýanyñ demirgazgyndaky basybalyjylygy goldamady we SDF - nyñ tarapyny tutup Seljukly brigadasyny döretdiler. 
1939-njy ýylda käbir türk maşgalalary Siriýanyň täze serhetlerine göçüp, Halap we Damask welaýatlaryna ýerleşdiler. 1945-1953-nji ýyllar aralygynda Siriýaly türkmenler Türkiýä göçüp gitdi, köpüsi Türkiýäniň günortasyndaky Kirikhan, Aleksandretta we Adana şäherlerinde ýerleşdi. Uly toparlarda ýaşaýanlar medeni aýratynlyklaryny goramagy başardylar, ýöne kiçi toparlarda ýaşaýan türkmenler ep-esli derejede araplaşdyryldy. Şo sebäpli olarda Türkmen mekdeplerini açmak hukugy ýokdy. 
Lukman Larri Klark 20-nji asyryň ahyrynda Siriýada '200,000-den gowrak' türkmeniň bardygyny mälim etdi. Germaniýanyň gündogar instituty bolsa çaklamalaryň 800,000 bilen 1 million aralygyndadygyny mälim etdi.
2011 nji ýylda başlan raýat urşy sebäpli Türkmenler hem gaty kösençlik çekdi we köpüsi terrorçylar tarapyndan öldürildi. Türkmen obalary Siriýa hökümedi tarapyndan ýok edilip durka, Halapdaky Türkmen obalarynyñ köpüsi 'IŞID' tarapyndan basylyp alyndy. 
2016-njy ýylyň dekabrynda Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi Ümit Ýalçyn Türkiýäniň serhetlerini 500.000 siriýaly türkmen üçin açandygyny aýtdy. Takmynan 300,000 siriýaly türkmen Stambulda, 50,000 Gaziantepde, 50 000 Osmaniýe, Hataýda 30,000-40,000, Izmirde 20,000, Malatýada 20,000 we Konýada 15,000 ýaşaýar. 
Siriýadaky Türkmenleriñ köpüsi terror toparlarynyñ agzasydyr, we ençeme Türkmen ýaragly toparlary bardyr. 
Yrak Türkmenleri
Yrakda hem 3 mln - dan gowrak Türkmen ýaşaýar. Olaryn hem köpüsi ýaragly toparlardan durýar. Yrakdaky Türkmenler hem musulmandyr. Türkiýede hem 500 müñden gowrak Türkmen ýaşaýar. Hytaýda 100 müñden köp. Pakistanda 110 müñ, Özbegistanda 200 müñ, Belarusiýada 3 müñ, Gazagystanda 2.5 müñ, Gyrgyzystanda 2 müñ, Täjigistanda 2010 njy ýylyñ hasabyna görä 15 müñ, Ukraýinada 8 müñden gowrak, Russiýada 50 müñ, Amerikada 5 müñ Türkmen ýaşaýar. 
Umumy hemmesini jemläp alañda 17 mln, ýagny 16.995.500 adamdygy görülýär. Bularam 2001, 2010 njy ýylyñ hasaplaryna görä şeýledir, belki şuwagt hemmesini täzeden hasaplañda 25 mln ýetiberendir. 
(Şu tema üçin ýekeje gezek like isleýän, göwnüñize ýaran bolsa gaýrat ediñ...)
BU BLOG 17 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Akybaýly 2 hepde öň
Gyzykly we gynandyryjy,tolgundurjy mowzuk,Allah ähli ýerdäki türkmenlere ýardamçy bolsun !
@Tokmak 2 hepde öň
Peýdaly maglumatyň üçin sag bol. Türkmenleriň sany az bolmasa-da, agzybirlik tarapymyz pesiräk. Şuňa gynanýan.
@MyratDowlet 1 hepde öň
Näme üçin şeýlekä @tokmak
@Tokmak 1 hepde öň
Muňa täsir edýän köp faktorlar barda, dost. Umumylaşdyryp alsaň, içerki (dilimiz, ruhy gymmatlyklarymyz, idealogiýamyz, sosial izolirlenme derejämiz we ş.m.) we daşarky (başga ýurt ýa millet tarapyndan edilen çozuş, görkezilen gysyş; ýurtda dörän pandemiýa ýa şoňa meňzeş betbagtçylyky ýagdaý, açlyk we ş.m.) faktorlar.
@Tokmak 1 hepde öň
Indi biziň ýagdaýymyzda içerki hem daşarky faktorlar ýaramaz täsirli bolup biler. Meselem, ýurt içindäki halka ruslaryň gelmegi kän täsir etdi - halkymyza başga milletler garyldy, dilimiz, düşünjelerimiz, ruhy gymmatlyklarymyz, gatnaşyklarymyz rus medeniýetiniň täsiriniň astynda üýtgedi. Öň sosial taýdan has üzňe bolsak, indi düşünjämiz "giňedi", gatnaşmak üçin hökman türkmen bolsun diýip duramyzok we ş.m. Başga ýurtlardaky türkmenler hem şol ýerleriň täsiri astynda dilleri, düşünjeleri üýtgedi belli bir derejede.
@Tokmak 1 hepde öň
Daşky faktorlar - biz geçmişde talaňçylyga we basybalyjylykly ýörişlere sezewar bolan bolsak hem, taryhyň giçkiräk döwürlerinde güýçli agram gören däldiris. Ýagny ruslaryň basyp alanyndan soň, bize aýratynlykda basyş az boldy. II jahan urşy hasap däl. Ol bütin Sowet soýuzyna degdi. Ondan soň hem aýratyn agram göremok. Daşary ýurtlarda hem bizi türkmen bolanymyz üçin ýöriteläp göz-görtele ýekirenoklar.

Garaz şeýleräk. Başgada ýadyma düşmedik zatlarym bolup biler.
@Tokmak 1 hepde öň
@MyratDowlet 1 hepde öň
Gowy tema bolupdyr berekellah.
Maňa eýranly türkmenem, owganly türkmenem we pakistanly türkmen bilen gepleşmek gorüşmek miýesser etdi. Özüm patriot bolan soňra has buýsandym şolar bilen görüşende.
Bir gezeginde Owganystanda Mazary Şerif diýen ýerden bir owganly türkmene türkmenistan barada telefonda wideo görkezdik. Şonda şol ýaşuly wideo seredip şeýle diýdi: "ömrümiň ýekeje gününi Türkmenistanda geçirsedim, görsedim"
Men haýran galdym şeýdiýenine.
@MyratDowlet 1 hepde öň
Hakyky bolan wakany gürrüň bereýin.
Daşary ýurtda bir ýerde türkmen, gazak we özbek otyr ekeni. Soňra özbek bilen gazak ikisi degişip türkmeniň üstünden düşüpdirler aý siz türkmenleriň sany Türkmenistanda az diýip.
Olam şeýle diýip jogap beripdir: "orslar okupasiýa gelende biz siz ýaly ýaragymyzy taşlap boýun egmedik, biz söweşip azaldyk" diýipdir.
Şu bet jogap.
Ýöne Türkmenistanda türkmenler az bolsada beýleki ýurtlardada türkmenler kän ahyryn.
Men 2004, 2006, 2007-nji ýyllarda türkiýede bolanymda men türkmen diýseň gujaklaýjak bolýadylar türkler. Olar bizem türkmen diýip aýdýadylar. Hatda käbiri 16-njy ýada 17-nji asyrda göçüp gelipdirler ata baba diýýädiler. Türkmenistana ene toprak ýada ene watanymyz diýýäler. Ýagny ene glawny diýmekdir.
@MyratDowlet 1 hepde öň
Ýaňy ýakynda bir kitapda okadym. Kitabyň ady ýalňyşmasam "türkmenler we gyzyl oguzlar" . Şol kitabyň esasy bölegi Atatürk we onuň arassa türkmendigini subut etmek barada ekeni. Garaz Atatürk arassa türkmen diýip aýdýar.
@MyratDowlet 1 hepde öň
Meniňem şuňa meňzeş bir kiçijik blogym bardy. Gyzyklanan üçin aşakda link goýýan.
https://www.alemjahan.net/blogs/osman-ahun-gaygysyz-atabay-719839
@MyratDowlet 1 hepde öň
https://www.alemjahan.net/blogs/teke-yarymada-antalya-452232
@NazarSTG 1 hepde öň
Gaty gowy
@NazarSTG 1 hepde öň
@Tokmak gardaş menä ondan göremok düýpli sebäbi bar ýöne ony bärde aýdyp oturmaýyn, hem agzalalyk, biri - biriniñ etini iýme ol Türkmeniñ ganynda bar. Kynam bolsa käbir hakykatlary boýun almagmyz gerek.
@Tokmak 1 hepde öň
"Ganynda" diýýäniň meniň diýýän içerki faktorlarym bolmaýarmyka? Düşünjelerimiz, häsiýetlerimiz, ruhy gymmatlyklarymyz, idealogiýamyz we ş.m.
@NazarSTG 1 hepde öň
Meselem getireýin, Hytaý ençeme wagtlap Ýaponiýanyñ, Hindistan Angliyanyñ, Awstriýa Germaniýanyñ, Gresiýa bn Arabystan Türkiýäniñ ençeme ýyllap hatda asyrlap golastynda galdy. Şuwagt hemmesem agzybir we ösen. Diýmek asyl mesele daş basgyda däl eken.