2 sany Jahan urşy hem şeýle başlapdy...

2 sany Jahan urşy hem şeýle başlapdy... +3

NazarSTG, 13.09.2020
2020 garabasan ýaly bir zat bolup garşymyza çykyberdi, turjak bolýas ýöne hiç gymyldap bilemzok diýen ýaly...
Bilýäñizmi 1 nji we 2 nji Jahan urşy nädip başlady ? Oñuşmazlyklar, ýer ýetmezçilikler, närazylyklar, aram aram sözde dawa, soñra göni söz, iñ soñyndada 5 ýyla çeken uruş. 
Ýöne 2 nji Jahan urşy bolany gowy boldy, samsyk ýada däli bir adam däl, dogry eşitdiñiz, eger şu uruş bolmadyk bolsa, belki 1990 larda ýada belki 2000 nji ýyllarda bolardy, eger şeýle bolan bolsa tehnologiýanyñ öseni sebäpli hema adam köp ölerdi, hem ejelerimiz kakalarymyz belki jigilerimiz ölerdi. 2 nji Jahan urşy ynsan oglyna gowy sapak boldy, hemde iñ dözümsiz berk, gaty berk sapak. Adamlar özüne geldi, 2 nji Jahan urşynda ýitirenlerini görip ýene şeýle uruş bolmasyny islemediler, gowy şeýle dälmi, eger bu urşy görmedik bolsa akyllanmaýadylar. Uruş yzynda näme goýdy?, elbetde milýonlarça tanalman ýitip gitjek jeset. 
Indi edil şuwagtam ýene şeýle bir hereket dowam etýär. Gresiýa, elmydama Türkiýäni ýigrenen bir döwlet we şuwagtam şeýle. Ýöne şuwagt biraz çenden geçdi. Ýöne 'biraz'-lar üýşüp ynsana betbagtçylyk bolup gelmesin ?
Bilýänsiñiz şuwagt Gresiýa Türkiýäniñ bir adasy üçin we Ortayer deñzi üçin otdan lybas geýnip dur. Diñe Gresiýada däl, Fransiýa, Germaniýa, Amerika hem deñiz üçin rahatsyz. Birtopar adalaryny kabul etmeýän Gresiýa Türkiýäniñ sähel ýanyndaky kiçijek Meis adasyny aljak bolýar, hem şo kiçijek ada ýüzünden ýüz müñläp esgeri aýaga galdyrdy. Meis adasyna müñlerçe esger düşürdi, we başga adalary we Türkiýäniñ gyralaryndaky birtopar adalary ýüz müñlerçe esgerler bilen doldurdy. Ýagny Türkiýäni gysmak isleýär. Fransiýa hem Makron geleni bäri olam Türkiýäni ýigrenýär we Gresiýa müñlerçe milýartlap ýarag satyp dur. Ýagny Gresiýany ýarag bilen üpjün edip dur. Hem ýaraglary şo bahasyna dälde arzanladyp 3 de 1 bahasy edip ylalaşyp berýär. Eýýäm ençeme harby uçar we güýçli ýaraglanan gämileri satdy. 
Indi Fransiýa näme üçin Türkiýäni ýigrenýär ? Munuñ bir sebäbi bar, Fransiýa elmydama bir ýurtlaryñ içinde eden içalylygy bilen baýan bir ýurt. Elmydama eýleki ejiz ýurtlarlaryñ hasabyna güýçlendi. Esasanam Afrikada, Afrikada müñlerçe adamy öldürdiler, hatda Afrikada okuwlarda Fransuz dili öwredilýär. Näme üçin Afrika ?, sebäbi Afrika altyn, gymmat bahaly daşlar göwherler bilen dolup ýatan ýer. Indi ýañy ýakynda Libýa we Türkiýäniñ agzybirligi bilen Fransuzlar o ýerden çekilmeli boldy, ýagny o ýerdäki agalyklaryny ýitirdi. Munyñ bilen Fransiýanyñ syýasaty her ýylda gowy pese düşýär. Fransiýa soñky 20 ýylyñ dowamynda 'ösmek-peselmek' arasynda gidip gelip dur. Indi öñki ýaly beýik bir güýje eýe däl. Soñky döwürlerde ösen Hindistan, Hytaý ýaly ýurtlar bilen söwda girip bilmejek derejede pese düşip dur. Fransiýanyñ daýanýan ýene bir zady Ýewropa birleşigiñ bir güýçli agzasy we onuñ arkasynda Angliýanyñ durmasydy. Hawa, Fransiýa Ýewropanyñ ortasynda bolany sebäpli söwda gaty köp bolýar. Ýöne indi edil olar ýaly däl. 
Afrikadan kowulan Fransiýa indi Ortaýer deñzine göz dikdi, sebäbi ýene bir ýerleri Afrikadaky ýaly etmese syýasaty pese düşjekdi. Ortaýer deñzi nebite gaza baý bolan bir deñiz. Ol ýerler hem Türkiýäniñ çägine degişli, ýöne muña garamazdan Fransiýa Ortaýer deñzine girjek bolýar. Ol ýerleri eýelejek bolýar. Ortaýer deñzine arkaýyn göz dikmesiniñ sebäbi hem Gresiya, Gresiýanyñ Türkiýäni ýigrenýändigini bilen Fransiýa Gresiya hasam bat berdi, we Gresiýa Fransiýa daýanyp adalara ýüz müñlerçe esger, gämi göýberdi, munyñ bilen ýetinmän adalardaky uçar meýdançalaryny harby uçarlar bilen doldurdy. Ýöne Gresiýa bir zady görenok, Fransiýa Gresiýanyñ üsti bilen Ortaýer deñzine ýetjek bolýar, ýagny, Gresiýany ulanýar. Bu ýagdaýdan habardarmy dälmi ona bilemzok ýöne Gresiýa hem yza çekiläýjek däl. Hem yzygyderli Nato we başga ýurtlar bilen görüşip diñe Türkiýäni ýamanlaýar. 
Türkiýe näme etýär ? Elbetde Türkem bu hereketlere seredip oturaýanok. Türkiýe hem gaty güýçli ýurt, hatda şuwagt seretseñ Fransiya, Gresiya, Germaniýany garşysyna alyp dur, hem sözlerem gorkman çekinmejekdilerini, haklaryny aljakdyklaryny arkaýyn aýtýarlar. Muña garamazdan Ýewropalylar belli bir hereket edip biläýenok. Hem Türkiýe diñe bu işler bilen däl, başga ýurtlara kömek edip, hem bir tarapdan Siriýadaky terrorçylar bilenem baş tutuşyp otyr. Ýagny, Türkiýe hakynyñ garşysynda duranlary gorkman garşysyna alyp dur. Indi olam dälde Amerika hem goşuldy, Türkiýe Kipr bilen harby maksatnama gol çekende Amerika Kipre ýarag bermesini bes etdi we birtopar ýarag stansiýalaryny Kipra garşy ýapdy. Elbetde Türkiýe bu duruma gaty garşy çykdy. Gresiýa esger düşürdi, ýöne esgerlere atmak rugsat berilmedi. Sebäbi Gresiýa birinji atyşy Türkiýäniñ açmasyny isleýär. Eger şeýle bolsa Nato hem Türkiýe garşy boljakda. Ýöne Türkiýe bu duzaga düşäýenok. 'Özleri ot açmasa sizem ot açmañ, eger ot açsalar hökman garşylygyny beriñ' diýdi. Elbetde Gresiýa buwagt gaty ýalñyşýar, hem Fransiýada ýalñyşýar, eger Türk bilen arany kesse Fransiýanyñ syýasaty has pese çöker. Türkiýe Ýewropalylaryñ her sözine garşy jogap berýär. Hiç zada bolýar diýip oturanok. 
Fransiýa Türkiýeden näme üçin çekinýär ? Täze harby ýaraglaryndan we arkasynda Pakistanyñ durmasyndan, öñem Pakistandan gaty berk garşylykly jogaby eşdeni üçin Fransiýa Pakistany garşysyna alasy gelenok. Düýnki geçen Ýewropa birleşigiñ ýygnagynda toplanan agzalaryñ arasynda nemes agzasy Türkiýe bilen Ýewropa birleşiginiñ logasynyñ bile duranyny görip 'Türkiýe baýdagy bilen Ýewropa birleşiginiñ logasy bile durmagy meni rahatsyz etýär, sebäbi Ýewropanyñ ýyldyzlary Türkiýe baýdagynyñ ýyldyzy ýanynda kölegesi ýaly galýar' diýdi. Bu bolsa Germaniýanyñ hem Türkiýäniñ bu hereketinden rahatsyz bolandygyny görkezýär. Türkiýe bolsa 'Öñä bu baýdaklar arasynda biz bilen söwda etýädiñiz indi ýanynda durmagam sizi rahatsyz etýämi ?' diýip garşy çykdy. Ýagny Türkleriñ baýdagynyñ durmagynam islanoklar Ýewropalylar. Ýöne Türkiýe beren sözinden dänmejekdigini açyk orta goýdy. Düýnki eden çykyşynda Ärdogan 'Afrikada müñlerçe adamy öldüren siz, günäsiz adamlary öldüren siz, gelip bärde bize ynsanlyk dersi berýäñizmi ?' diýdi. Hem Makrona hem garşy çykdy we 'Jenap Makron, näme etýäniñi bilýäñmi ?, sen intek Fransiýanyñ taryhyny hem doly bileñok, biz bu ýerini Afrika ýaly etmegiñe ýol bermeris, bu hereketiñdeñ el çek' diýdi. 
Indi hemme zatlary alyp otursañ bu zatlaryñ gowy ýoly äkitmejegi mälim. Ýada 3 nji Jahan urşy ýakynlaşýarmyka, ynanyp ynanmazlyk sizde ýöne ikinji Jahan urşy hem edil şular ýaly başlady. Elbetde ýurtlar arasynda elmydama garşylyklar bolýar muny kabul etýäs ýöne bu garşylykdan gaty ir çykdy. Eýýäm ýaraglanyp ugradylar, 'ol ot açsa sizem ot açyñ" diýer ýaly derejä geldiler, ýagny birinden biri ot açsa uruş başlabermelidä. Hem Fransiýa, Germaniýa, umuman Ýewropa gatnaşmagy ahmal. Hemme ýurduñ arasyndaky urşada Jahan urşy diýilýar. Uly ýurtlar bu ýagdaýda garşy çykan bolaýýardy welin Amerika Kiprden ýaraglaryny çekip Russiýa ýaly döwletlerem sesini çykarman dur. Gaýta tersine işleýär hemme zat. Hem birinden biri boýun egip çekiläýesi gelenok hemmesi diýen ýaly özüni mamla hasap etýär. 
Gün - gündenem bu hereketler has güýjeýär. 
Kim bilýär, belki ikinji jahan urşyny ýadyndan çykaran bolmaklary ahmal. Şuwagt hemme zat garşylykly gitýän ýaly görünýär, ýöne uruş başlasa beýle bolmaz, milýonlarça adamyñ, bigünä adamlaryñ akan ganlaryny görenlerinde belki ýene akyllanmaklary ahmal. 
Näme bolsa gowlyk bolsun ýöne şu zat mälim, bu gidiş gowy zada äkidenok. 
BU BLOG 2201 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MyratDowlet 2 hepde öň
Du döwürde aýakda dik durmak üçin güýçli ykdysadyýetiň we ylym bilim hem ösen bolmaly.
@NazarSTG 2 hepde öň
Hawa dogry aýtýañyz ýurtlaram edil adam ýalyda güýçli bolsa sylanýar bolmasa sylananok
@MyratDowlet 2 hepde öň
Fransuzlar Alžirde 300 000-den 1 500 000 çenli asyda halky gyrypdyrlar wikipedýanyň hb bermegine görä.
@NazarSTG 2 hepde öň
Hawa menem eştdim şo sebäpli Afrikalylaryñ köpüsi ýigrenýär Afrikañ özi Alžir Libýa Sudan we Nigeriýa we ş.m döwletler.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Meň pikirim: Türkiýede ykdysadyýeti ösüp barýar, inžener adamlar köp, milletinde "криативность" häsiýetleri bar we her hili täzeliklere-üýtgeşmelere (öz profillerine laýyk gelse) açyk bir millet we harby senagaty hem ösýär. Bulam käbir ýurtlar çekindirýändir. Onsaňam bir döwürler Osmanlynyň aýdanyny edip ýören halklar indi şular ýaly zadyň gaýtalanmazlygyna ýol beresleri gelendyr.
@NazarSTG 2 hepde öň
Bilýan Türkiýe 2000 nji ýyldan bäri şeýle bir ösdi hatda adyny her yerde eştdirip başlady. Ýöne Türkleriñ ýene bir gowy tarapy bar, Türk agzybir millet. Hem men köp Türkleriñ urşyny gördim wideolarda hakyky, şonda Amerikalylar bir 2 - 3 Talibany öldürmek üçin 6 gezek magazini ýagny oky çalyşýar. 3000 den kop ok gitdi. A türkler olar ýaly däl ynanaý Amerikanlardan has beter güýçli Türk esgeri, we intek hiç kimin çykaryp bilmedik aýakly AKAS roboty hem ilkinji şolar çykardy. Ýene 2023 de taze maşyn zawody açjak bolýar. Umuman Türk gaty güýçli
@MyratDowlet 2 hepde öň
ýokarky teswiriň soňky sözi "gelenokdyr" diýip okaň
@MyratDowlet 2 hepde öň
Şu ýerde bir zady belläp geçeýin. Osmanlynyň döwründe ýewropa basybalyjylyk herekedini edende Merkezi Aziýadan täze göçüp gelen türkmenleri ýewropa geçirip ýerleşdiripdir. Osmanly muny şol ýeri yslamlaşdyrmak maksady bilen eden. Şol baran türkmenler şol ýerdäki daglyk ýerlere "Balkan" diýip at dakypdyrlar diýip bir mugallym aýdypdy. Soltanşa Atanyýazowyň "Türkmen diliniň sözköki sözlüginde" balkan sözi barada şeýle diýýär: Balkan- gadymy türki sözi bolup manysy "üsti ösümlikli dag" diýmekdir we ýewropa göçen türkmenler Bolgariýadaky "Stara Plonina" dagyna türkmenler baryp "balkan daglary" diýipdirler. Akademik Bartoldyň bellemegine göräde Günorta Gündogardaky Ýewropanyň Balkan ýarymadasy adyny şol daglardan alandygyny belleýär.
@NazarSTG 2 hepde öň
Hmm dogrudyr hem Türkmenler her ýerik ýaýran ýagny her ýerde bolan aslynda. Wikipedianyñ maglumatyna görä hemme Türkmenleri üýşürseñ 14 - 20 mln-a golaý adam ekenik biz.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Dogrymy aýtsam türkmenler seň aýdýanyňdan köpdir. Ýöne häzir başga millet adyny göterýäler. Meselem azerileriň asly arassa türkmenler. Hatda azerbeýjanda "terkmen" tiresi hem bar. Eýranda ýaşaýan azerilerem şolar ýaly. Azeri diýen millet ady 1924-nji ýylda SSSR-yň düzüminde respublika bölünişigi bolanda Azerbeýjanda (azerbeýjan geografiki ýeriň ady) ýaşaýan türklere täze Azerbeýjan SSR-i diýip milletinem türk diýmekden çekinýälerdanam azeri milleti diýilýär.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Şeýlelikde Azerbaýjan SSR-i milletem azeri bolýar. A şeýle azerbeýjan ýeriň ady
@MyratDowlet 2 hepde öň
Galybersede Rus sary bilen Eýran paşasynyň arasynda baglaşylan meşhur "Türkmen çaý" atly şertnamada Azerbeýjanda baglaşylýar. Türkmen çaý azerbeýjandaky ýeriň ady. Türkmençaý şertnamasy ýalňyşmasam 1820-nji ýyllarda baglaşylýar. Ýagny rus goşuny häzirki TKM teretorýasyna girmänkä.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Türklerem biziň aslymyz türkmen diýýädiler we diýýälerem. Şol sebäpden olaram goşsaň 20 milliondan geçýär.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Mundan başgada häzir ýat ýurtlaryň köpüsinde türkmen milleti bar. Hytaýda salyrlar, Owganda, Eýranda, Rusýada Stawropoldaky çowdyrlar, igdirler, abdallar, söýünjalylar, Özbegistandaky türkmenler we ş. m.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Yrakdada we Sirýadaky türkmenlerem bar.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Dagystanly kumyk tanyşyň bolsa gepleşip gör edil türkmençe sözler. Ýada internetden youtube dan gör bolmanda. Men şu wagt gyssanýan welin ýazmaga wagtym ýok. Ýöne Dagystanda milleti başga ýöne edil türkmençe gepleýän milletler bar.
@NazarSTG 2 hepde öň
Hawa. Hemmesi birleşse belki bizem has öserdik. Çünki adamy köp ýurtlar elmydama ösen bolýandyr
@Tokmak 2 hepde öň
Natonyň agzasy bolup, Russiýadan S-400 ZRK almagynyň sebäbi ABŞ-nyň birden ýüz öwüräýen ýagdaýynda, Patriot ZRK-nyň peýdasyz boljagyna göz ýetirmegi bolmaly. Garaz öz ýagdaýlaryny bilseler bolýar.
@NazarSTG 2 hepde öň
Dogry aýtýañ, sebäbi Amerika hem ejiz däl. Amerikanyñ, umumy Ýewropanyñ Türkden gorkmasynyñ sebäbi Türkiñ agzybirligi. Ony hemme ýurdam gowy bilýär sebäbi 2016 njy ýylda dönüklikde hemme ýurt gördi halkynyñ nähilidigini