3D görnüşinde öýüňizi çyzmak üçin
3D görnüşinde öýüňizi çyzmak üçin

3D görnüşinde öýüňizi çyzmak üçin +3

@Çaldygoýdy | 08.11.2019 ý.
Görýän welin soňky döwürler Älemçileriň agza sany köpelýän ýaly. Menem öz tejribämden bir gysgajyk bolan blogymy paýlaşaýyn diýdim. Bugünki ýazjak blogym Room Arranger programmasy.
Bu programmada hem öz islegiňe görä ýönekeýje buýruklary bermek arkaly owadanja öýleri gurnap bilersiňiz!

Дизайн интерьера 3D programmanyň interfeýsine suratlarda seredip geçeliň.

Ilkinji nobatda programmany açanymyzda esasy 2 görnüş penjiräni açmaklyk teklip ediler:

1. Boş ýere jaýyň çyzgysyny öz elimizde çyzyp we ölçeglerini görkezip bolýar.
2. Öň bar bolan taýyn jaýlaryň proýektlerini açyp ulanyp bolýar.

(aşakdaky surata seret)
1.jpg 179.89 KB
Haçan-da 1-nji Создать проект bölegini saýlanymyzda aşakdaky ýaly penjire açylar:
(aşakdaky surata seret)
2.jpg 95.26 KB
Ol ýerde 2 görnüşde jaýyň çyzgysyny çyzyp bezemäge mümkinçilik berýän bölüm teklip ediler. Olaryň 1-njisi Начать проект с нуля bölüminde tekiz boş ýere çyzgylary çyzmak bilen jaýyň çyzgysyny çyzmak bolýar.
2-njisinde bolsa öň skaner edilip alnan proýektiň çyzgysyny peýdalanmak bilen jaýyň bezeglerini we beýleki sazlamalaryny edip bolýar.

Ol ýerden Начать проект с нуля bölümini saýlap arassa liste çyzyklary geçirip jaýyň çyzgysyny geçirip başlaýarys:
(aşakdaky surata seret)
3.jpg 249.99 KB
Öz islegiňe görä täze jaýyň ölçeglerini geçirip çyzyp taýyn edeniňden soňra sag tarapdaky gurallar panelinden gerekli zatlary jaýa ýerleşdirip başlaýarys:
(aşakdaky surata seret)
4.jpg 448.9 KB
Ol ýerden penjiredir, gapylary gerekli ýerinde goýuşdyrmaly. Soňra öýüň içine öý goşlaryny ýerleşdirip başlaýarys:
(aşakdaky surata seret)
5.jpg 101.43 KB
Öýüň dürli goş-golamlary öz islegiňe görä otaglaryň içine goýup bolýar:
(aşakdaky surata seret)
6.jpg 98.84 KB
Çyzgysy çyzylyp içiniň ähli zatlary bilen taýyn edilen jaýy 3D görnüşinde hem her otagyny aýratynlykda görüp bolýar.
Eger-de biz programmany açyp 2-nji bölümi Типовые планировки-ni saýlasak onda programmada aşakdaky ýaly penjire peýda bolar:
(aşakdaky surata seret)
7.jpg 125.37 KB
Bu ýerde size öň bar bolan taýyn otaglary saýlap almaga mümkinçilik berilýär. Islendik bir görnüşdäki jaýyň çyzgysyny saýlap bilersiňiz:
(aşakdaky surata seret)
8.jpg 266.93 KB
Saýlap alan jaýyňyza öz islegiňizä görä goşlary we beýleki üýtgeşmeleri girizip bilýärsiňiz:
(aşakdaky surata seret)
9.jpg 295.93 KB
Programmanyň kömegi bilen islendik bir 1 gatly jaýyň tiz wagtda çyzgysyny çyzyp içiniň bezegleri bilen doly 3D görnüşinde görner ýaly çyzgysyny ýerine ýetirmek mümkindir.

Programmany ýüklemek üçin:

Дизайн интерьера 3D 5.0 (122 MB)

By: @turkmensoft (ertir.com)
bu blog 2357 gezek okaldy

Teswirler

@Biolog 1 hepde öň
Ay dost gaty gorme,yone senin bu salgynda hich zat skachat edenok
@Çaldygoýdy 1 hepde öň
Indi barlap gorun
@Biolog 1 hepde öň
Ay dost entegem bolanok(stranitsa nedostupno)
diyip yazyalay
@Çaldygoýdy 1 hepde öň
alyar. girip dur. hakykatdan hem barlap gordum
@Çaldygoýdy 1 hepde öň
vpn achyp girip goraymeli ekenin
@Biolog 1 hepde öň
Wah men kopmpyuterde giryan,kompyuter vpn tapmadym.Bilyan bolsan aydayda :)
Älemjahan