Abray ucun etyanmi,pul?

Abray ucun etyanmi,pul? +8

@Alemjahan | 14.11.2019 ý.
Kakam her gün ir bilen turup işine giderdi. Ençeme ýyllaryň dowamynda okanlary, öwrenenleri we gazanan tejribeleri bilen öz çagalary üçin eklenç ederdi. 40 ýaşyna gelende jaý saldyrdy, awtoulag edindi. Bir gün nätanyş biri gelip sen-men ýok biziň jaýymyzda ýaşap başlady. Kakamyň awtoulagynda taksiçilik edip pul gazanyp başlady. Ol nätanyş, gelýän myhmanlarynyň ýanynda öwündi: "Ine meniň azap edip saldyran jaýym, bu bolsa awtoulagym. Bu zatlara ýetmek üçin köp azap çekdim, ençeme kynçylyklary ýeňip geçmeli boldum". Goňşularymyz, "Näme ýalan sözleýäň, bu zatlar seniňki däl." - diýse. "Siz maňa göriplik edýäňiz, her kim çörek diýip ylgaýar. Eklenç üçin näme etseňem bolýar. Menem çaga ekleýän. Şeýdip göriplik edip näme gazanýaňyz?" - diýip jogap berýärdi.

Elbetde bu hekaýa ýalan, olar ýaly waka bolanok. Ýöne töweregimizde bolýan wakalaryň ýüzlerçesine meňzeýär. Köp ýyllardan bäri diňläp gelýän türkmen aýdymdyr sazlarymyz dünýäniň başga bir ýerinde öň aýdylan aýdymlar, çalnan sazlar. Belki-de bir ýerlerde bir kompozitor bütin ömrüni bagyş edip bir saz düzdi we halkyň öňünde ony çalyp meşhurlyk gazandy. Şol saz ilkinji gezek çalnan gününden başlap biriniň intellektual eýeçiligi. Ony rugsatsyz alyp özüňki ýaly edip ulanyp, üssesine ondan pul gazanmak onuň eýesiniň şahsy emlägine birugsat girip, ol ýeri isleýşiň ýaly ulanmak bilen deň. Ikisiniň arasynda tapawut ýok.

Biziň ýurdumyz üçin muny tersine pikir edip görýän. Meşhur bolmaýan bir ildeşimiz kreatiw bir zat döredip paýlaşsa (saz, goşgy, surat, dürli dizaýn, ...), meşhur bir adam ýa-da marka bolsa ony alyp özüniňki ýaly ulanyp pul gazansa nähili bolar? Ýönekeý mysal, internetde blog ýazýanlar köp (menem şolardan). Döwlet žurnallarynda neşir etmäge ýagdaýy bolanlaryň biri, internetden bir blogy alyp, sähelçe üýtgedip neşir etse näme çäre görülýär? Belki-de neşir edilýändir, biz bilemizok. Žurnallarda belli ýazyjylardan başgasynyň ýazgylaryny özüm-ä gyzyklanyp okap baramok.

Žurnalda makala, hekaýa çap etmek pul gazandyrýan bolsady, Garagum žurnalynyň 52-nji sahypasyndaky Amansoltanyň adyndan çykan makalada, Zerewşanyň bloguny okap oturanlary görerdik.
Näme zyýany bar?

Belki siziň döredýän intellektual eýeçiligiňiz ýok bolmagy mümkin. Meniňem üýtgeşik zadym ýok. Häzir ýa-da geljekde öz intellektual eýeçiligimiziň (belki öz çagalarymyzyň intellektual eýeçiliginiň) ogurlanmagyny islemeýän bolsak şeýle ogurlyklary her kim şu günden ýazgarmaly.

Eger-de her kim ogurlyk intellektual eýeçilige "meniňki" diýip aňsadyna çapyp alkyş alýan bolsa, hakyky döredijiler üçin agyr trawma. Wagtyň geçmegi bilen "özümiziňki" diýer ýaly döredijilik galmajagy-da görnüp dur. Şonuň üçin, haltamyzdaky sogandan, gulagymyzdaky aýdyma çenli daşary ýurtlara garaşly bolduk.

Şu temada şeýle bir ters aýlawa girdik, "halypa" diýip sylanýanlaryň köpüsi wagtynda pikir ogrusy bolansoň, olardan görelde alan täze nesil "halypalarynyň" yzyny dowam etdirýär.
Ýogsa, häzirki internet eýýamynda hakyky zehiniň bar bolsa, tapawutlanmak o diýen kyn zat däl.

Intellektual eýeçiligi ogurlaýan adamlar, öz zehinleri bolmansoň, zehinli adamlaryň zehini bilen zehinli görünmek isleýän körzehinlerdir.
Olar, diňe öňe çykyp alkyşlanmak isleýär. Goňşusyndan ogurlanan gök köýnegi, ak joraply gyzyl çyzykly türsügiň üstüne geýip sahna çykýan, hywa tarapynyň açyklygyndan habarsyz görümsizler.

Bu barada kanun näme diýýär?

Türkmenistanyň raýat kodeksiniň, Intellektual eýeçilik hukugy hakyndaky kanunyň 4-nji böleginde bu barada giňişleýin bellenilen. Şeýle-de Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakyndaky kanunda hem intellektual eýeçilik hakynda bellenen.

Jemlesek

Öňki işlän ýerimdäki başlygym,

"Döwlet däde görmedik bolýandyr, ýöne hiç wagt hiç zady ýatdan çykarmaz." - diýerdi.
Ir-giç bu mesele bizde-de giňden gozgalar.

cesme:blog.rahmanow
bu blog 3455 gezek okaldy

Teswirler

@Garadamakly 3 hepde öň
Türkmende maňa degmedik ýylan müň ýaşasyn diýen düşünje bar. Bir näkesiň başga birinden bir zady ogurlandygyny görüp hem "Meniňkini ogurlamady, işim ýok" diýýär. Gödegirak aýdanyňda, "Agzybirlik" görkezijisi 0-a deň.

Ýazan zatlarymy dürli sos. saýtlarda meniň adymy aýyryp, ulanýanlaryna köp duşdum. Ünslüräk adamlar bilýär meniň ýazandygymy, ýöne hiç kimden ne ses çykýar, ne-de seda.

Ýazgy üçin awtora sagbolsun aýdýaryn.
@123456 3 hepde öň
Edil şol sebäpli hem men Instagramdaky Terjime Täç (instagram.com/terjime_tach) toparynyň ýerleşdirýän postlaryny iki elläp goldaýaryn. Bu toparyň goýýan ýazgylary aýdymçylarda awtorlyk hukugyny nä derejede bozandygyny ýüzüne basyp geçýär. Ýerleşdirilýän postlar sungat işgärlerinde azda-kände öz döredijiligini ulanyp aýdym-saz çykarmaklygy öwredýär we sungata kimleriň ukyply kimleriň bolsa ýasamadygyny ýüze çykarýar.
@Schastye 3 hepde öň
Gök köýnegi ak joraply gyzyl çykly trusigiň üstünden geýýäler diýen ýerine düşünjek bolup 2 sagat oturdym, terjime täç akkoundynyň adminy dälsiň-dä :)
@Biolog 3 hepde öň
Halk dilinde aýdanymyzda:"Ol eşekde ýüküm ýok,ýykylsa habarym ýok"diýlişi ýaly,her kimem özüne degilmese,iliň derdine kelle agyrdyp oturmaýarlar.
Blog ýerine düşüpdir,menden 1-like