Adamyň gany ýaşyl reñkinde bolup bilýärmi?
Adamyň gany ýaşyl reñkinde bolup bilýärmi?

Adamyň gany ýaşyl reñkinde bolup bilýärmi? +4

MissMeri, 11.11.2020
Adamyň gany gyzyl - muny hemmeler bilýär. Ýaşyl gany diňe mör-möjeklerde ýa-da gelmişekleriň filminde tapyp bolýar.
 Ganyň gyzyl reňki bize şeýle bir tanyş welin, adam ganyny ýaşyl gören bolsaňyz, gaty gorkarsyňyz. Kanadaly lukmanlaryň 2007-nji ýylda bir hassany operasiýa edenlerinde, damarlarynda goýy ýaşyl gan akýandygyny görüp,  başdan geçiren täsirini göz öňüne getiriň? Elbetde, operasiýa düşeginde ýatan jandar düýbünden keseki başga planetadan gelen gelmişek däldi, ýöne bir sözde kyn aýdylýan sulfemoglobinemiýadan dertden ejir çekýän adaty adamdy.
 
 Bu kesel sulfanilamid dermanlary artykmaç mukdarda ýygy-ýygydan ulanylanyp şol sebäpli ýüze çykyp bilýär. Bu ýagdaýda gemoglobiniň gurluşynyň üýtgemegi, oňa kükürt atomynyň goşulmagy sebäpli ýüze çykýar, bu kislorod götermek ukybyna ýaramaz täsir edýär we reňkini üýtgedýär.
 
 Ýöne ýaşyl gany birkemsiz sagdyn adamda hem görüp bolýar. Ýöne diňe uly çuňluklarda, sebäbi gyzyl reňk bilen ýygylygy bolan tolkun uzynlygy suw sütünini ýeňip bilmeýär.
Green blood

                                                          @MissMeri
BU BLOG 2551 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MyratDowlet 3 hepde öň
Gan barada öňler kän okadym. Okamagymyň sebäbi gana haýran galmagym. Durşyna Allanyň gudraty.
Ganyň düzüminde 3 sany esasy element bar.
Eretrosit
Leýkosit
Trombosit

1-Erektrosit (gyzyl gan öýjükleri)- Transportýor ýaly işi. Ýagny kislorody öýkenden alyp öýjüklere eltýär we yzyna kömür turşy gaz alyp gaýdýar we öýkene taşlaýar. Fantastika!!!
2-Trombosit: bular ganyň goýalmasyny üpjün edýär. Ýagny pikir edip görüň bir ýeriň ganady. Şol ýerdäki nerwi beýnä habar berýär uteçka bar diýip, beýnep gana komanda berýär. Gandaky trombositlar uteçka ýerdäki ýere baryp goýalyp ýapýalar.
3-Leýkositlar- biziň imunitet diýýänimiziň bir parçasy. Ganymyza düşen zyýanly zatlary topulyp öldürýäler. Ýada ölýäler. Garaz ullakan söweş bolýär.
@MyratDowlet 3 hepde öň
Leýkosit ak gan öýjügidir. Zyýanly zat gana düşsi olar bilen söweşip ölse, onda olar şol ýerde galýalar. Bulam biziň iriň diýýänimiz bolýar. Şol iriňiň sostawy ölen leýkositlar bar.
@MyratDowlet 3 hepde öň
Gadymy döwürden bäri gan aldyrmak däbi bar medesinada. Şunuň medesina düşündirişi şeýleräk ekeni. Ýagny gan aldyrylanda organizimde gan azalýar. Şol bir sanda leýkosidam azalýar. Gan öýjükler täze gan öndürýäler ekeni. Täze ganda täze leýkosit (imunitet) bolýar. Täze leýkosit hem söweşmäge has ukyplu bolýalar.
@MissMeri 3 hepde öň
@MyratDowlet Все верно вы сказали уважаемый читатель, так и есть, это правда...))
@TonyStark 3 hepde öň
Gana gyzyl reňki gandaky Gemoglobin belogy berýär.Şol sebäpden gan tapşyran donora,ýa-da köp gan ýitiren adama gyzyl reňkli iýmitleri(nar,şokolad,şugundyr...)iýmeklik maslahat berilýär,şeýle edilende gan köpelýär,emma Gemoglobini köpeltmek üçin demire(Fe) baý bolan önümleri iýmeli.Meselem:alma,beýi we ş.m.
Demire baý bolan önümler,miweler oňa sähel zeper ýetse derrew şol ýeri garalýar.Meselem:biz almany ýa-da beýini dişläp 1-minut howaly giňişlikde goýsak ol derrew garalýar...
@MissMeri 3 hepde öň
Almada ýa-da şugundyrda ýeterlik demir-(Fe) ýok, hormatly okyjy...
Esasy biziň bedenimize (organizmize) hemem ganymyzyň gemoglobinyny köpeltmek üçin gerek demiri-(Fe) - etiň düzüminde, hemem bagyrda bolýandyr!!!...
@TonyStark 2 hepde öň
@MissMeri ,şu gezek pikriňe goşulamok,sebäbi biz Fe-ni et önümlerinden alsak onda ony başga-da goşulmalary bilen alarys,meselem artykmaç kaloriýasy bn...
Eger-de miwelerden,bakja ekinlerinden alsak,krupnyy witaminleri bilen bile alarys,almada-da ýeterlik derejede Ferrum bardyr,ynanmasaň barlada göräý.
@MissMeri 2 hepde öň
Bu diskussiýada siz ýalňyşýaňyz @TonyStark, ynanaýyň maňa ýokarky ýazanlaryma; bizem az zat okap, az zat gören däldiris...
Meň aýdanlarym dogry bolup gelýändir!
Lukmandan sorap göräýiň gan azlykda bagyr iýeňde kömek berýärmi gany köpeltmäge demir-(Fe) sebäpli, maňa ynanmasyzlyk etýän bolsaňyz, şonda hak jogabymy eşidersiňiz...
@TonyStark 2 hepde öň
@MissMeri ,bu tema jedel edip dawalaşanymyza degmeýä...
Prasti eger günä mende bolsa,men el çekýän.
Ýönekeýje zatlar ün göwnüňize degmek niýetim ýok,entäk disskusiýa-laşmaga temalar köp,şonuň üçin bagyşlaň göwnüňize degen bolsam :((
@MissMeri 2 hepde öň
@TonyStark Нет, всё нормально; всё хорошо. Gorkuly ýa-da gorkunç zat ýok; hemme zat ýerbe ýer, menem siz bn sögüşjek bolup aýdan däldirin... и вы извините, если что не так сказала... :)