Aşgabatdaky «Baky şöhrat» ýadygärliginde Watan gerçekleriniň şekillerini oturtmek işi dowam etdiriler

@MissMeri | 08.10.2019 ý.
6-njy oktýabrda Hatyra güni mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül desselerini goýan Türkmenistanyň Prezidenti «Baky şöhrat» ýadygärliginiň  diwarynyň şu ýerinde taryhda öçmejek yz goýan we halkymyz hem-de ýurdumyz üçin bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bitiren meşhur şahsyýetleriň şekillerini synlady. Milletiň Lideri bu diwaryň ýüzünde geljek nesilleriň bagtyýar durmuşy, mähriban topragymyzyň asudalygy ugrunda janlaryny aýaman gahrymançylyk görkezen gerçekleriň şekillerini oturtmak işleriniň yzygiderli dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, halk gahrymanlaryny hatyralamak ýörelgeleri häzirki döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilmelidir.

«Baky şöhrat» Aşgabat ― Bekrewe ýolunyň ugrundaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň bir bölümidir. Ol 1941 ― 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna dikildi.

bu blog 37 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan