Bag barada (tymsal)
 Bag barada (tymsal)

Bag barada (tymsal) +1

MissMeri, 18.11.2020
A lovely tree

Bir kiçijek agaç, gyşyk hem betnyşan bolany üçin uly ejir çekýärdi. Daş-töwerekdäki beýleki agaçlaryň hemmesi has beýik we owadandy. Agaç hakykatdanam beýleki agaçlaryň şahalary şemalda owadan öwüsişi ýaly, we hem şol agajam şolar ýaly bolmak isleýärdi, .
 
Emma agaç gaýanyň gyrasynda ösýärdi. Onuň kökleri, daşlaryň arasyndaky çukurda ýygnanan, kiçiräk topraga ýapyşypdyrlar. Onuň şahalaryna buz ýaly şemal şuwwuldap öwüsýärdi. Gün ony diňe irden ýagtyltýardy, günortan bolsa eňňidiň (склон) aşagynda ösýän beýleki agaçlara ýagtylyk berip, gaýanyň aňyrsynda gizlenýärdi. Agaç hiç ulalyp bilmedi we betbagt ykbalyna nälet okady.
 
Emma bir gün irden Günüň ilkinji şöhleleri ony ýagtylandyranda, aşakdaky jülgä seredip, durmuşyň beýle erbet däldigine düşündi. Onuň öňünde ajaýyp görnüş açylýardy. Aşakdaky agaçlaryň hiç biri-de bu ajaýyp panoramanyň, (10/1) ondan bir bölejiginem görüp bilenokdylar.
 
Galyp-çykyp duran, daş gaýasy, ony gardan we buzdan goraýardy. Eger-de onuň gyşyk düýbi, düwünli we güýçli şahalary bolmadyk bolan bolsa, onda, agaç ol ýerde ýaşap bilmezdi. Özboluşly onuň stili bardy we öz ýerinde oturýardy. Ol diýseň üýtgeşikdi. 
                                                          @MissMeri
BU BLOG 1755 GEZEK OKALDY.

Teswirler