Çagalary terbiýelemek barada bellikler dowamy

Çagalary terbiýelemek barada bellikler dowamy +5

@Schastye | 09.02.2019 ý.
     Geçenki blogumda diňe etmesiz zatlary belläp geçipdim... Bu blogda okan kitabymdan düşünenje ýerlerimi bellik edesim geldi.
     Parkda öz çagalary bilen aýlanyp ýören ejelerden "Siz çagaňyzyň nähili bolmagyny isleýärsiňiz?" diýen sorag soralanda, ejeleriň köpüsi diňe "dogruçyl, mert, akylly" bolsun diýip jogap beripdirler, şol ejeleriň içinde diňe biri dogruçyllygyň, mertligiň, akyllylygyň ýanyna ZÄHMETSÖÝERLIGI goşdy. Dogurdanam, çagalarda ilkinji terbiýelenmeli zat "Zähmetsöýerlik". Köp ene-ata ol barada ýatdan çykarýar. Çagada zähmetsöýerligi ilkinji gezek eline çemçe alan gününden terbiýeläp başlamaly. Eger-de siz bazardan eliňiz goşly, ýanyňyzda bolsa kiçijik çagaňyz bar bolsa, ol hem siziň goşlaryňyzdan tutjak bolýan bolsa: " Aýrylsana! Seňki näme, öz ýüküm özüme ýetik, öz aýaklaryň bilen ýöräber!" we ş.m ýaly sözleri diýmäň! Belki siziň çagaňyz şol goşlardan tutuşany üçin "siziň ýüküňizi ýeňledýändirin" diýip pikir edýändir. Bir gezek sögülensoň, ikinji gezek etmejegi belli, "sögmeseler bolýa" diýen düşünje peýda bolup başlar, bu bolsa soňa baka ýaltçylyga elter. 
       Çagalarda zähmetsöýerligi terbiýelemek üçin, onuň çekýän zähmeti mehaniki bolmaz ýaly, olara edýän işini söýdürmeli, şol işleriň peýdasyny düşündirmeli. Şeýle etseňiz öz işlerini höwes bilen ederler.
    
bu blog 208 gezek okaldy

Teswirler

@Yomudson 6 aý öň
Çagam bolanda bir zatlar pikirlenerindaý
@Aristokrat 6 aý öň
Su gezek gowja zat yazdyn. Aytdyma acylysarsyn diyip. Dalini tayak yola salya diyilyani cyn bolmaly. Duzeliber duzeliber Aristokrat aytyan bolsa ugrynda bardyr. Degisyan
malades. Gowy yazypsyn.
@Schastye 6 aý öň
@Aristokrat : | sen çalgöz bolaňsoň dilimi deňäp durmaýyn. Minnetdar
@Aristokrat 6 aý öň
Dogry etyan. Munynam akyllylyk. :)
@Jepax 6 aý öň
Tema bolsun diylip yazlan tema
Älemjahan