Agnostisizm
Agnostisizm

Agnostisizm +10

@falso | 07.11.2018 ý.
Düýbi gadymy Gresiýadaky sofistlerden Protagora çenli barýandygy aýdylýan Agnostisizm, resmi ýagdaýda ilkinji gezek 1869-nji ýylyñ soñlarynda meşhur biolog Tomas Genri Huxley tarapyndan tapylýar. "Bilinmezlik" ýaly hem atlandyrylýar. 
 
 Filosofiki düşünje görnüşinde Agnostisizm 19-njy asyryñ 2-nji böleginde ýüze çykýar. Günbatar filosoflarynyñ arasynda Herbert Spencer, William Hamilton we Leslie Stephen dagylar bu düşünjäniň görnükli wekilleridir. Agnostisizm "Hudaýyñ barlygynyñ ýa-da ýoklugynyň" bilip bolmaýandygyny aýdýar. Dinleriñ Hudaýyñ barlygyny ýa-da bir Ýaradyjynyñ barlygyny hiç haçan subut edip bilmejegini bildirýär. Bu sebäpden hem Agnostisizm "Hudaý bardyr" diýýän Teizmden we "Hudaý hiçhili yokdyr" diýýän Ateizmden tapawutlanýandyr. Agnostisizmiñ täsirlerini Omar Haýýamyñ goşgularynda hem görüp bolýar.
 
 Agnostisizm taryhyna seredenimizde adamlaryň düşünjeleri bilimsizlik täsiri netijesinde uly ýalňyşlyklara bir garşy düşunje hökmünde döräpdir. Ilkinji garşylyklyk Grek sofistlerinden gelipdir.
 
 Agnostiklere görä Hudaýyñ barlygy adamyñ akylynyñ ýetmejek derejesindäki düşünjedir. Şonuñ üçin Huday hakynda gürleşmek we pikir ýöretmek manysyzdyr. Agnostikler özlerini alyp baryşlaryna seredende Ateistlere meňzedilýär. Alym Bertrand Russelle(ateist diýip bilinýärdi) görä Hudaýyň barlygyny ýa-da ýoklygyny subut etmek üçin hiçhili subutnama yokdyr. Ýagny Agnostikler Hudaýyň barlygy ýa-da ýoklygyny bilmek mümkin däl diýen pikiri öňe sürýär. 
 
 Taryhdaky meşhur agnostiklere mysal edip aşakdakylary görkezmek mümkin:
 Margareth Atwood, Sussie Bright, Vincent Bugliosi, Robert X. Cringely, Clarence Darrow, Charles Darwin, Alan Dershowitz, Richard Dreyfuss, Umberto Eco, Timothy Ferris, Carrie Fisher, Stephen Jay Gould, Matt Groening, Bob Guccione, Robert (Bob) James Lee Hawke, Dawid Hortovitz, Bob Hoskins, Robert Jastrow, Matt Johnson, Jack Kevorkian, Laryy King, Tony Kushner, Dave Matthews, Laryy Niven, Neil Peart, Sean Penn, Roman Polanski, Bertnard Russell, Carl Sagan, Dan Savage, James Taylor, Charles Templeton, Uma Thurman, Ted Turner, Robert Anton Wilson we beýl.
bu blog 398 gezek okaldy

Teswirler

@Nejis 1 ýyl öň
Berekella Mälsö
@Garadaşly 1 ýyl öň
Bilip bolmayamy? Ona bilemok welin yaranyba bolmaya
@white 1 ýyl öň
Yekeje sozlemde Agnostikler kimper diyip bolar? :)
@falso 2 hepde öň
Yekeje sozlemde agnostikler dp iki tarapada yaranyp bilmeyan adamlara)
@Montyoskyo 1 ýyl öň
Öran gowy. Dowam et Falso
@Sayawan 1 ýyl öň
gaty gowy