Ýagşylyk hakynda tymsal
Ýagşylyk hakynda tymsal

Ýagşylyk hakynda tymsal +2

@Graff | 13.06.2019 ý.
     Satyjy penjiräniň uly aýnasynyň öňünde durşuna uzaklary synlaýar eken. Şol wagt bir kiçijek gyzjagaz ýoldan geçip barşyna aýnanyň arkasyndaky görnüşde goýlan harytlaryň ýanynda aýak çekipdir. Soňra elini maňlaýyna kölegeledip, aýnanyň içine giräýjek bolup, harytlary synlap başlapdyr. Gözleýän zadyny görende bolsa gözjagazlary begençden ýaňa ýylpyldap gidipdir.
     Ol dükana girip, pöwrize daşyndan ýasalan monjugy görkezmegini satyjydan haýyş edipdir:
     — Uly uýam üçin aljak bolýan. Siz ony owadan edip daşlabam berersiňizmi? — diýip, çagajyk sorapdyr.
     Dükanyň eýesi birhili ynamsyzlyk bilen garap, körpejäniň özüne sowal beripdir:
     — Puluň beri ýetermikä, gyzym?
     Gyzjagaz jübüsinden elýaglyk düwünçejigini çykarypdyr-da, ony çözüp, bir gysym çemesi şaýlyk puly satyjynyň öňüne döküpdir. Soňra bolsa uly umyt bilen satyja garapdyr:
     — Ýeter-ä şular!
     Olar bary-ýogy sähelçe şaýy pullar eken... Gyzjagaz buýsanç bilen sözüni dowam edipdir:
     — Daýy, men ony uly gyz doganyma sowgat etjek. Ejemiz ýogalaly bäri, uýamyň bar işi biz bolduk, onuň özüne asla wagtam galanok, elem degenok. Bu gün onuň doglan güni. Şu sowgadymy görse, ol bagtdan ýaňa guş bolup uçar. Bu monjuk onuň gözleriniň reňkine-de meňzäp dur.
     Satyjy monjugy alypdyr, dükanyň içki otagyndan owadan gutujyk getirip, naşyja monjugy oňa salypdyr. Gelşiklije edip daşlansoň bolsa, halkalyja bag bilen daňypdyr hem.
     — Al, gyzym, seresapja bolup äkitgin! — diýip, soňra ony gyzjagaza uzadypdyr.
     Çagajyk ökjesi ýere degmän dükandan çykypdyr, begençden ýaňa bökjekläp, öýlerine ugrapdyr.
     Iş gününiň tamamlanyp, dükanyň ýapyljak uçurlary bosagada ýaş gyz maşgala peýda bolupdyr. Ol satyjynyň öňünde oňa tanyş bolan gutujygy, onuň daşyndan aýrylan örtügidir daňy bagyny goýupdyr.
     — Bu monjuk şu dükandan satyn alyndymy? Munuň bahasy näçe? — diýip ol sorapdyr.
     — Hä-ä... meniň dükanymdan satyn alnan islendik zadyň bahasy, müşderi bilen aramyzdaky ähte görä, hemişe gizlin saklanýar — diýip, satyjy aýdypdyr.
     — Jigimde bary-ýogy sähelçe şaýylyk bardy ahbetin. Bu monjuk bolsa hakyky pöwrize daşyndan, dogrumy? Munuň bahasy juda gymmat bolmaly. Biziň gurbumyz çatmaz muňa — diýip, gyz gutujygy satyja tarap süýşüripdir.
     Ol gutyny alyp, emaý bilen onuň daşky örtügini ýene öňki kaddyna getiripdir, soňra ony gyza gowşurypdyr-da, şeýle diýipdir:
     — Jigiňiz iň ýokary bahany töledi... Ulularyň töläp bilmejek mukdaryny töledi: ol özüniň ähli baýlygyny berdi.
     Kiçi dükanyň içini uly ümsümlik gaplap alypdy. Elinde monjukly gutyny saklap duran gyzyň ýaňaklaryndan monjuk ýaly gözýaşlar syrygyp gaýdypdyr...
(Bu hekaýanyň wideosyny hem internetde görüpdim ...)

Taýýarlan: @Graff
bu blog 52 gezek okaldy

Teswirler

@cherry 1 aý öň
hawa gorupdim.gowy terjime edipsiniz)olar sizden gocuren yaly;)
Älemjahan