AhmedShad (Ahmet Atajanow)
AhmedShad (Ahmet Atajanow)

AhmedShad (Ahmet Atajanow)

@Akbibi | 10.05.2019 ý.
Salam Älemjahandaşlar. Bugün men size Russiýada we SNG döwletleriniň arasynda belli bir derejede meşhurlyga eýe bolan aýdymçy AhmedShad ady bilen tanalýan hakyky ady Ahmet Atajanow bilen tanyşdyrmakçy.
Milleti türkmen, asly Marydan. Onuň sesi örän köpleri haýrana galdyran şahs bolup, ol öz ömür döredijiligini 2 ýaşyna ýetende aýdym aýdyp, mekdepde dürli kružoklara gatnaşdy we 5 ýaşyna ýetende Marynyň aýdym-saz mekdebine okuwa girdi. Ol soňra Türkmenistanyň Bilim Ministrligi we Ýaşlar guramasy tarapyndan gurnalýan "Merjen däneleri" ýaryşyna gatnaşyp öz ýakymly sesi bilen 1-nji orna mynasyp bolýar. Onuň kiçilikden saza, aýdyma bolan höwesini ene-atasy tarapyndan üns berlip, ene-atasy aýdym aýtmaklyk, meşhurlyk gazanmaklyk üçin ilkinji elinden tutan adamlar bolup, ol häzir bütin Orta Aziýada näçe müňlerçe aýdymçylaryň adamlaryň fanaty bolup, örän meşhurlyk gazandy. Iň esasy bellemeli zat hem, onuň aýdýan aýdymlarynyň sazy we sözi özi tarapyndan düzülýär. Ogurlyk däl gysgaça aýdanymda.
Ahmed Shad

Halk tarapyndan halanyp, diňlenýän aýdymlary:
AhmedShad - Я помню
AhmedShad - поддался твоей игре
AhmedShad - забываю запах твой
AhmedShad - дорога в никуда (onuň bu aýdymyny häzir bütin kawkaz diňleýär)

Ahmed Shad
Başga-da örän kän gowy aýdymlary bar. Ýükläp diňläp bilersiňiz türkmen ýaş ýigidimiziň aýdymlaryny. Youtubede, instagramda we beýleki dürli daşary ýurt aýdym saýtlarynyň hemmesinde bardyr Ahmediň aýdymy.
bu blog 340 gezek okaldy

Teswirler

@Akbibi 3 aý öň
Ahmet mekdebini gutaranyndan soňra nirä okuwa gidenini bilemok, belki agzalaryň arasynda bu talantly ýigidimizi tanaýanlar bar bolsa herkim bilenini gürrüň bersin kommentariýada
@pikirchi 3 aý öň
Patcan minskda okayar
Älemjahan