airpods we kapitalizmyň aýgytly ädimleri
airpods we kapitalizmyň aýgytly ädimleri

airpods we kapitalizmyň aýgytly ädimleri +12

@donnie | 05.03.2019 ý.
kapitalizm-yň nämedigini bilýänler aşakdaky paragrafdan böküp geçse-de bolman durmaz.

'kapitalizm önümçilik üçin ulanylýan hususy maşynlaryň diňe öz bähbitlerini göz öňüne tutýan ykdysadyýetiň bir görnüşi' diýsem ýalňyşmazlygym mümkin. sebäbi mekdep-de öwretmediler.

has dogry düşünmek üçin şeýleräk mysal getirip bileris:
meselem sende 4 sany towuk bar. sosialism – senden 4 towugam alyp, ýumurtga öndürip saňa berýä. komunizm senden 2 towugy alyp başga kişä berýä, netije.. siziň ikiňizem deň bolýaňyz. kapitalizm bolsa senden 4 towugy alyp, ýumurtga öndürip saňa satar.
faşism we kapitalyzm-yň tapawutlary

bular ýaly samsyk temany ýazyp başlamagymyň sebäbem şügün işe gelip kofýa ýasap stoluma geçdim welin goňşy gyzyň imo-dan '- gowumy Kakajan, airPods-yň bahasyny bilýäňmi' ýaly hat ýazmagy. jorasy alypdyr, inni bulam almaly. sebäbi gulagyňdan ak plasmas sallanyp dursa senem betleň arasyna girýäň.

aslynda.. airPods bize hem owadanlyk hem-de sazyň soňky lezzetini berýän bolsa diýmek bu kapitalizm däldir?
mümkin. ýöne bir nauşnigiň adynyň üýtgeýänligi we 3 gram simiň ýok bolýanlygy üçin adamlar $130.00 köp çykdaýjy edýäler. diýmek kapitalizm.

siziňem pikiriňizi bilesim gelýä. gutarnyksyz puluňyz bolsa alýan zatlaryňyzy bahasyna görä alardyňyzmy ýa hiline?
bu blog 217 gezek okaldy

Teswirler

@Gnusmas 2 aý öň
Alyp bilsena puluna dalde hiline seredip almaly yone ozuma gymmat zatlar gowy gorunya gozime
@Yomudson 2 aý öň
apple 'n onumlerine uns bermeyan dine men oytyan
@Röwşen 2 aý öň
Gündelik durmuşymyzda nähili görünmelidigimizi, nähili ýaşamalydygymyza çenli Amerikoslar kinolarynyñ, internediñ üsti bilen öwredýär. airPodlaram (apple degişli başga gymmat önümler hem) şol ýeñilliklerden peýdalanyp, özüni satmagy başarýar.
@pikirchi 2 aý öň
Ulanyp goremson teswirlesem yerine dushjek eken
@GarryLider 2 aý öň
Kapitalizm-gysgaça ýaşajak jaýyňy seň özüňe gurduryp saňa-da satar.
@Begli 2 aý öň
Ay mena hiline garap alardym, yone durmusda gutarnyksyz pully bolmak mumkin dalligi sebapli bahasyna garap arzanrak zatlary alybam oñmaly bolyada shol sebapli kabir arzan zatlañ hilem govy bolup duranok, diymek meniñ pikirimce hili yokary zatlañ bahasam yokary bolya...
@donnie 2 aý öň
gutarnyksyz diýip milýarder. milýard-y gutartmak aňsat zada däldir
@Batyr 2 aý öň
Sen ilki mana jogap berda gachyp yormede
@Rain 2 aý öň
millionlap pulum bolsada mena orta baha maşynda we şol nauşnikli gezerdim.
Älemjahan