Ýaşlara bir teklibim bar

Ýaşlara bir teklibim bar +6

kararsyz, 22.07.2019
Ýaş ýigitler! Ir öýleneniňiz bilen hezillik ýok. Derrew çagalarsyňyz, maşgala eklemek we beýleki aladalar bilen galarsyňyz. Toý bagşysyna gul bolarsyňyz. Bellik: (Men öýlenmäne garşy adam däl. Ýöne öýlenmek adamyň durmuşyndaky iň möhüm mesele däl. Ykdysady erkinligiňizi alyň baş üstüne.)

Mähriban gyz jigilerim!
Geliň siz öz ykbalyňyzy hiç kimiň ynsabyna goýmaň! Geljegiňizi özüňiz guruň! Beýik adam boluň. Bilim öwreniň, kär ediniň. Birine bakna ýaşamakdan çykalga bolmaz. Herkim öz aýagynyň üstünde durmany başarmaly. Ukudan oýanyň! Seriallardaky hyýaly dünýäden dessin daşlaşyň! Gaçyň ol ýerden! Hemmesi ýalan olaryň. Beýle dünýä ýok!!! Şeýle bir derejä ýetiň herkim sizi sylamaga we hormatlamaga mejbur bolsun. Birine ýapja bolmak gerek däl. Öz akylyňyz we beýni güýjüňiz muňa mümkinçilik berer. Belki bu jemgyýetiň halasgäri sizsiňiz! Goý, dünýe türkmen görsün! Nobeli Siz alyň, Oscary Siz alyň! Bu baýraklaryň hemmesem Size gelişer. Gurbanyň bolaýyn Hudaýym dilegimi kabul et!!!

Biziň ýaşlarymyz söýgi gipnozyndan derrew oýanmaly. Döwlet teleýaýlymlarynda, radioda bilkastlaýyn ýaşlar üçin edilýän ters propoganda bu. Ýaşlary söýgi bilen gipnoz edýärler. Radioda diňe ýeňles söýgi hekaýatlary, howaýy gürrüňler... bu aldowa düşmezligiňizi maslahat berýärin. Sebäbi şeýle duýgular adamyň beýnini doňdurýar we erkini alýar. Ägä boluň! Elbetde adam aşyk bolup biler, söýüp biler. Bular hormata mynasyp duýgular. Ýöne diňe iki adamyň arasyndaky gizlin we mährem mesele. Köpçüligiň meselesi däl. Esasanam telewideniýanyň propoganda çeşmesi däl.

Maksatsyz ýaşlarymyzy görüp ýüregim awaýar. Daşary ýurda gidibem pizza paýlamany maslahat bermeýärin. Herkim öz kärinde professional iş etsin we ykdysady erkinligini eline alsyn. Elbetde pizza paýlamak wagtlaýyn serişde bolup biler emma asyl maksadyňyz başga bolmaly.

Çeşme: Çagry Kerim

BU BLOG 272 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Realistic 4 aý öň
Aslynda ha muny öñem okapdym, awtoryñ aydyanlaryny makullamazlyk asla mümkin dâl diyip pikir edyân.Hasam söygi baradaky pikirleri edil ýüregimdâkini beýan eden ýaly jüñk boldy.Kâşgâ diymek galyar, aýdara da zat kân welin...welin bolýada.