Albert Kamýunyñ "Ýat adam " eserindäki baş gahryman barada kelam agyz

Albert Kamýunyñ "Ýat adam " eserindäki baş gahryman barada kelam agyz +2

Dipsomaniac, 09.08.2019
Ýat adam” romany Albert Kamýunyň ( Kamus) naýbaşy eserleriniň 
biri bolup durýar. Elbetde bu romany bilmeýän az- azdyr. Bu ýazgyda 
nygtap geçmekçi bolýan zadym, şol eseriň esasy gahrymany bolan 
Meursalt baradadyr. Eser okap bolnansoň köp adamyň ýigrenijine 
sezewar bolan Meursalt, şol sanda köp adam tarapyndan hem aňrujy 
derejede söýülen Meursalt. Nädip diýýäňizmi?
Romanyň başlanmagy bilen ejesiniň öldi habaryny alan Meursalt onuň 
bolýan ýeri bolan garrylar öýüne barýar. Kän bir gynanjyň alamatlaryny 
Meursaltda görmedik garrylar bu halatdan nägile bolýarlar, bu nägilelik 
onuň piňinede däl, gaýtam ejesiniň tabydynyň ýanynda hiç zat bolmadyk 
ýaly işdämenlik bilen çekilen çilimini jaýlaýar. Ejesini topraga 
bermänkäler, ondan şu soragy soraýarlar “ han ogul soňky gezek ejeňi 
görmek isleýäňmi? Tabydyň gapagyny açalymy? Meursalt bolsa şol 
öňki durkyny üýtgetmän “ýok” diýip jogap berýär. 
Hawa, hakykaty kabul edeliň Meursalt ýaly käbir ýagdaýlarda “ýok”
diýip biljek derejedäki batyrgaýlygy hem-de ruhsuz bir ynsan ýaly 
bolmagy ählimiz hem isläpdik...
Ýene käbir hakykatlara degip geçeliň, tüweleme durmuş dowam edip 
dur, ýeke däl käbirleri bilen ýa-da käbiri bilen. Ýanymyzdaky adamy 
çyndanam söýýändiris diýip pikir edýäňizmi? Belki bu başga närse, 
belki bu söýgi däl-de sekuntlyk bir zatlardan ybarat bolan atsyz bir 
zatdyr. Dogrumyzy aýtsak köplenç “ flirt” maksadymyz barlygy aýan. 
“Seni söýýän” diýenlerinde aňrymyzdan gelmese-de “ menem seni”
diýip ýasamalyk edýänimiz üçin özümizi ýigrenýäris. “ ýok söýemok, 
nähili bolgusyz soraglary berýäň, bu bir flirtden ybarat “ diýip aýdyp 
bilmeýänligimiz üçin hem özümize haýpymyz gelýär. A Meursalt bolsa 
“ ýok söýemok “ diýip biljek derejede batyrgaýdy.
Düýn jaýlan entek bedeni sowamadyk Ömürlik ýitiren tanyşlarymyz 
bardyr, elbetde. Olary ýatlap , olar barada pikir edip oturýasam welin 
gowy durmuşyňy simbolizirleýän zatlaryň ýagny; münjek maşynyň
barlygy, ýewroremont edilen jaýyň taýyndygy, öýüňe barsaň saňa biri garaşyp otyrýanlygy birdenkä ýadyňa düşýäde şol ýitiren tanyşlarymyz 
ýatdan çykyp gidäýýär. Bu zadyň nämesi geň? 
Ýaşap ýören durmuşymyz kimileri üçin “ geň” kimileri üçinem
“bolgusyzlykdan başga zadyň özi däl” . Ýöne elbetde biziň üçin bolsa 
lezzetiň çeşmesi bolup durýar bu durmuşymyz. Şol sebäplem biziň 
durmuşymyzy üýtgetjek bolýanlara, ýa-da burnuny sokýanlara “
pylanyjan meň durmuşym şeýle-de gowy, men şu halyma bagtly, bu 
durmuşymy üýtgetmäge gereklilik duýamok ahyryn “ diýip aýdasymyz 
geler, we bu diýenlerimize hem düşünmeklerini isläris. Ýöne 
gynansakda gaty köp zady islänligimiz üçin diýjeklerimiz içimizde 
armanly bolup aýdylman galar. Biziň edip bilmeýänimizi Meursalt 
edenligi üçin , aýdyň nädip halaman bileris ony?
Edýän zatlarymyzyň aglaba bölegini öz islegimiz üçin däl-de başgalaryň 
islegi üçin edýänligimiz üçin bolansoňmy nämemi, şol edenlerimiz kän 
bir wagt geçmänka özüniň manysyny ýitiräýýär. Bu hem bizi has 
biperwaýlaşdyrýar. Biperwaýlygymyz hem bizi dogry sözlilige eltensoň, 
söýmeýänlerimize söýmeýänligimizi duýuranymyzda olaryň muňa 
düşünmeýşine geň galýarys. 
24 sagadyň içinde Her hili düşünjäni, pikiri başdan geçirýärkäk
durmuşyň akymy içinde köçeden geçip barýan bir gyzda gören dar 
köýnegi ýyllar boýy hem unutmasagam, biziň üçin has möhüm bolan 
öýümiziň gapy nomerini ýatlamaga çydalaşmagymyz manysyz ýaly 
görüner, indi bu diýýänlerimiz bizi has biperwaýlyga iterermi?!
Käteler özümiziň ruh halymyzy, duýgylarymyz boş duýup bileris. 
Ýanymyzdaky gujagymyzdaky akja tenli biri bolsa hem, mundan ýyllar 
ozal köçeden geçip barýan gyzyň dar köýnegi ýadymyza düşüp biler.
Käteler birilerine bir zady düşündirmek içgysgynç gelýär, şol sebäplem 
ýalňyzlygy saýlaýarys. Diňe özüňe käbir zatlary düşündirmeklik 
içgysgynç däl ýagdaý bolup durýar. Özümize hem köp ýagdaýlarda 
düşündirişiň gerek bolmanlygy üçinem öz başymyza ýaşamagy 
saýlaýarys, indi siz aýdyň bu ýagdaý bizi has egoist biri bolmagymyza 
iterermi?
Käteler ýakynlarymyzyň ölümini islemegimiz bizi jenaýatkär diýip 
atlandyrmak üçin esas bolup bilermi? Bu zady islemegimiz bizi kiçeldip 
adam däl derejä ýetirermi, ýa-da adam derejesine?
Bizi gury agaja daňyp goýsalar hem, kellämiziň üstündäki her hili 
reňkden ybarat bolan asmana bakmakdan başga işimizem bolmanlygy 
ýagdaýda hem biz bu ýagdaýa öwrenşeris. Guşlaryň geçmegine 
bulutlaryň bolsa käte bir birlerine garylmagyna garaşyp, şol asmana 
gözümizi dikip durarys.
Ykbalymyz köp halatda bizden pikir soralmadyk ýagdaýda 
kesgitlenýändir. Şol sebäplem şol ýadymyza düşüp “alma biş agzyma 
düş” diýmeklige endik edinipdiris. Bu hem bizi has biperwaýlaşdyrýar, 
ýat adama öwürýär. 
Ählimiz hem bilýäs, durmuş ýaşamak üçin çeken jebir jepaňa degýän zat 
däldir. Ýene bir zady bilýäris; 30 ýaşda ýa-da 70 ýaşda ölmegiň bir 
möhüm bir zat däldigini, her iki ýagdaýda hem senden soň başga 
erkekler, aýallar ýene ýaşamaga dowam ederler we bu ýagdaý müňlerçe 
ýyllap dowam eder. Adam barybir ölýär, haçan nähili ýagdaýda ölmegiň 
hiç bir möhümi ýokdur.
Hawa bu diýlen zatlar aslynda Meursaltyň nukdaýnazaryndan alynandyr, 
elbetde kime görä bu durmuş gahrymanyň görşi bilen kybapdaş a 
kimilerine görä bolsa gahrymanymyzy ýigrenjek derejede üýtgeşik. Her 
kime her hili, şonuň üçin meniň size aýtmakçy bolýan zadym gowusy 
siz gidiňde şu kitaby tapyp okaň, üýtgeşik duýgulary başdan 
geçirjekdigiňize men kepil geçýärin.


cheshme: okanlamdan remix gornushinden terjime
BU BLOG 235 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Jepax 4 aý öň
Men shol eserden habarsyz az az dinduklardan... yzynam okamadym garaz azlykda bolmagyma dowam