Altynsow reňkli gutynyň syry
Altynsow reňkli gutynyň syry

Altynsow reňkli gutynyň syry +3

Graff, 12.07.2019
    Ir döwürlerde bir pukara maşgala bar eken. Ýykma-ýykylma güzeran aýlaýan bu maşgala üç adamdan ybarat eken. Bir gün altynsow reňkli, gymmat bir kagyzy gutynyň daşyna tutup oturanyny gören maşgalabaşy kiçijek gyzyna käýinipdir:
    — Utanaňokmy, meniň azap çekip gazanýan pulumy ejeň ikiňiz indi şeýle kagyzlar üçin sowýaňyzmy?
    Gyzynyň şumjaryp, aglap başlanyny gören kakasy ony köşeşdirmezden, öz işi bilen boluberipdir.
    Ertesi gün altynsow reňkli gutyny kakasyna gowşuryp, gyzjagaz şeýle diýipdir:
    — Kaka, bu saňa taýýarlan sowgadym.
    Bu sözleri eşiden kakasy düýnki bolşy üçin özünden utanypdyr. Gyzyny gujagyna alyp, başyny sypalap, minnetdar bolupdyr. Anygyna ýetmän, çaganyň raýyny ýykanlygyna ökünipdir. Gutyny açyp, onuň içiniň, bilbiliň ketegi ýaly, boşlugyny göreninde bolsa, ýene-de öňküsindenem beter gaharlanyp:
    — Şunuň ýalam bir sowgat bolar oguşýa. Näme, sen meni oýnajak bolýaňmy? Bu guty boş ahyry, takyrap ýatyr — diýip, gyzyna heňkiripdir.
    Bada-bat gözýaşlardan ýaňa owasy püre-pürlenen gyzjagaz:
    — Kaka, ol guty boş däl! Düýn gije uklaman, daň atýança onuň içine posajyklarymy üfledim, iň ýagşy dileglerimi pyşyrdadym. Olaryň bary şu gutynyň içinde, hemmesi hem seniň üçin — diýipdir.
    Kakasy boz-ýaz bolupdyr. Gyzyndan gaýta-gaýta ötünç sorapdyr, gyzyny garsa gujaklap, öwran-öwran gözünden, ýüzünden öpüpdir.
    Şol günden soňra altyn guty elmydama ol adamyň başujunda durupdyr. Heran haçan göwni çökse ýa-da ýadasa, şol altynsow reňkli guty oňa hemişe güýç kuwwat beripdir.

@Graff
BU BLOG 200 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Foton 5 aý öň
Mbah... 3-4 yashly gyzjagazly kakalar uchin has tasirli bolandyr
@Jepax 5 aý öň
Ay yok beyle bir bildirmedi