Amerika

Amerika +3

Annagul, 19.05.2020
Hacan biz Amerika diýenimizde Amerikanyň birleshen shtatlaryny göz öňüne getirýäris.Ýöne gysgajykdan oňa Amerika diýýäris. Biz bu ýurdyň deňizleriň aňyry tarapyndagyny bilýäris. Bu ýurda barmak üçin, uçara münüp ullakan okeanyň üstünden  uçup geçmeldiginide bilýäris we ýenede ol ýere barmak üçin,  köp pulyň gereginide bilýäris. Biziň köpimiz bu ýurdy gözi bilen görmek isleýär. Göresimiziň gelýäniniň esasy sebäbi bolsa biz bu ýurt barada ep-esli zatlary bilýäris. Biz bu ýerde eshidenlerimizi ol ýurdyň özüne baryp görüp, Amerika barada aýdylýan sözleriň hakykatdygyna shaýat bolasymyz gelýär. Biziň shu bilýänlerimiz bizi Amerika tarap itekleýär. Onsoň  özümize ,,birden bir mümkinçilik bolsa bu ýurdy görmäne giderin'' diýen tama bilen shol güne garashyp ýörüs. Oňa çenli Amerikany telewideniýede  görüp, bu ýurda tomasha edip otyrys. Sorag gelip çykýar. Amerika biziň üçin nämesi bilen gyzykly?. Ýogsa dünýäde ýurt köp. Ýöne her bir ýurdyň öz aýratynlygy bar. Ine, shu aýratynlygy görjek bolup hem biz bu ýurda ymtylýarys. Bu aýratynlyklary hem aýdyp berjek bolaýyn. Birinjiden, Amerika dünýäde iň uly döwlet. Iknjiden, Amerika dünýäde iň güýçli döwlet. Üçünjiden, Amerika dünýäde iň baý döwlet. Ine biziň shu bilýänlerimiz bize Amerikany görmeklige ündeýär. Dördünjiden, Amerika  iň gyzykly döwlet. 
    Amerika ýaňy-ýakynda döredi. Ine shu aýdylan sözleme uly üns bermeli. Köp döwletler bilen deňeshdirilende Amerikanyň taryhy örän gysga. Emma shu gysga taryhyň içinde bu ýurt hemme taraplaýyn ösdi.  Özüniň tiz ösüshi bilen Amerikany hiç bir döwlet bilen deňeshdirer ýaly däl. Käbir ýurtlaryň taryhy müňlerçe ýyllar bolsada olaryň köpüsi yza galak.  Amerika bolsa shu gysga wagtyň içinde  dünýäde iň öňdebaryjy ýurt. Ine Amerikanyň shu ýeri gyzykly.
    Bu ýurt nämeler etdi shu derejä ýeter ýaly?. Nähili ýol bilen ösdi?. Kimler bu ýurdy ösdürdi we nähili edip?. Bu hili soraglara jogap bermek üçin ullakan bir kitap ýazmaly bolsa gerek. Ykdysady  taýdan ösen. Harby taýdan ösen. Adam hukuklary taýdan ösen. Amerikanyň taryhynda geň galarlyk zatlar hem köp, öwrenerede zat köp. Biziň ýurdymyzyň ýashlary bu ýurdy üns bilen öwrenseler özleri üçin gowy bolardy. Sebäbi geljek döwür, kim amerikanlar ýaly oýlanyp bilse, olar ýaly maksadyny amala ashyryp bilse, shu hili ýashlar üstünlige eýe boljagy görünip dur. 
    Amerika diňe iýmek we köpelmek bilen gyzyklanmaýar.  Amerika oýlanmany hem biýär. Ýenede bu ýurt  pikirlerini açyk aýytmany we bu pikirleriniň yzynda durmany hem halaýar.
    Geçen asyryň ýetmishinji ýyllarynda Amerikada dünýäniň bashga bir ýurtlarynda döräp bilmejek düshünjäniň täze bir ugyry döredi. Özäm bu düshünjäni  shu ýurdyň talyplary öňe sürdi. Olar şeýle diýdi:- Ýer shary biziň umumy öýümiz!. Biz bu öýümizi bilelikde goramaly!. Ýagny Ýer sharymyza zyýan ýetirýän hereketleri etmeli däl. Ýeriň tebigi baýlyklaryny aýawly saklamaly. Amerikanyň hökimeti bu lozungy alyp göterdi. Shundan soň tebigat bilen sazlashykda bolmak, dashky gurshawy goramak, haýwanlara rehimdarlyk etmek düshünjeleri  dünýäde giňden ýaýrap ugrady.
    Amerikanyň oýlap tapýan we olary durmusha ornadýan zatlary örän köp. Bu ishde hiç bir döwlet onuň bilen deňeshdirip bolmaz. Mysal üçin, edil shu wagtlar Amerika kosmosda kino düshürmegi maksat edindi. Özäm boýewik. Bash gahryman Tom Kruz. Ine ýene bir mysal Amerikanyň öňdebayjylygy. Indi Amerikanyň bu edenini bashga ýurtlar alyp götererler emma olar bu hili etmegi Amerikadan öwrendik diýmezler. Bu ulumsylygyň alamaty. Käbir ýurtlar özüni Amerika bilen deňeshdirmek isleýärler emma olar bu deňeshdirjek zatlaryny Amerikadan alandygyny ýatdan çykarýarlar. 
    Amerika ösen ýurt. Bu barada jedel edip oturmagyň geregi ýok. Amerika köp ugurly ýurt. Kimdir biri bu ýurdy  gysjak bolsa ol ösmegiň bashga görnüshlerinni saýlap alyp bilýänligi üçin barybir kim näme edendede ol öser. Onsoňam Amerikanyň ösmegi dünýäniň hemme ýurtlary üçin bähbitli. Biziň ýurdymyz hem Amerika bilen köp ugyrly  gatnashyklary edýär. Bu gatnashykalryň iň beýigi türkmen emeli hemrasynyň  Ýer sharynyň dashynda aýlanmagy. Bu hemra Amerikanyň kömegi bilen asmana galdy. 
    Amerika geljege adim ätledi. Ol eýýäm belli bir derejede geljekde ýashýar. Mysal üçin, Amerika Aýda tizara adamlaryň ýashap we ishläp, ol ýerden tebigi baýlyklary Ýer planetasyna getirmegi maksat edinýär.Kosmosy özleshdirmek bu adamzadyň esasy maksady we arzuwy. Bu maksat we arzuw bolsa diňe Amerikanyň üsti bilen amala ashar.
    Siz käbir ýurtlaryň men-menligine seretmäň. Bu ýurtlar öz ösüshi üçin Amerikany peýdalanýarlar. Amerika bolmadyk bolsa öz ýurtlarynyň ösmejekdigini olar bilmeýärler. Amerika bolmadyk bolsa häzirki  zaman tehnologiýasy hem döremezdi. Şeýlelikde dünýäniň ähli ýurtlary bu wagt  feodalizm döwründe bolardylar. Bu zatlara düshünmek üçin taryha göz aýlaň. Haýsy ýurtda bir zat dörän bolsa shol ýurdyň ýok bolup gitmegi bilen olaryň döreden zatlary hem ýok bolup gidýär. 
Amerika Ýer planetasyny goraýjy. Ol, Ýer planetasyna howp salýan dürli hili kosmos gelmishekleri uryp, ýok etmegi hem maksat edinýär.
   Amerika bilen dost boljak bolup ymtylmaly.  Bu ýurt  bilen gapma-garshylyk shol ýurtlaryň özüne zyýan.Bu aýdanymyň dogrydygyna göz ýetirmek üçin, Amerika bilen gapma-garshylykda bolan ýurtlaryň halkynyň ýashaýysh -durmush shertlerine serediň. 
   Käbir adamlaryň aýytmagy mümkin. Amerikany göçüp baran ýewropalylar ösdürdi diýip.Bu ýalňysh pikir. Ösmek her bir milletiň öz içinde bolýar. Haçan shu millete ösmek üçin gerekli shertler dörände bu millet bu ýurdy ösdürýär. Eger Amerikany ýewropalylar ösdürdi diýseňiz onda näme üçin Ýewropanyň özi Amerika ýaly ösüp bilmedi. Ýada shol bir ýewropalylar bashga bir ýere göçüp baryp Amerika ýaly ösen ikinji bir döwleti döredip bilmedi. Ýok. Amerikanyň ösmegi onuň içki shertleri bilen baglanyshykly. Entek ýewropalylar bu ýerlere göçüp barmanka Amerikada ýerli halklar bardy. Amerikanyň ösmegini ine shu ýerli halklar goldady. Astekler, inkler, maýa halklary entek ýewropalylar bu ýere göçüp gelmänkä ösen ýurtlary döredipdiler. Ýewropalylaryň käbiri shu ýerli halkar bilen birleship täze bir milleti emele getirdiler. Täze dörän millete bolsa amerikanlar diýip at berildi. Amerikany amerikan milleti ösdürdi. Bashga bir millet däl. Göçüp baran halklar ol ýere baryp,özlerini täze bir ýurdyň raýaty hökminde duýdylar.
   Amerika köp milletli ýurt. Shonuň ýalyda Amerikada dürli dinleriň wekilleri agzybir ýashaýarlar. 
   Ýenede Amerika ýashlaryň ýurdy. Bu ýurda dünýäniň ähli künjeginden öz bagtlaryny synamak üçin köp ýashlar gelýär we elbetde olar öz bagtlaryny bu ýurtda tapýarlar. 
 
BU BLOG 1800 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Annagul 2 hepde öň
Sizden haýysh edýärin. Bu ýurt barada diňe gowy sözleri aýytmagyňyzy.
@AppEdit 2 hepde öň
Amerika iň uly döwlet däl. Meýdanynyň ulylygy boýunça 4-nji ýerde durýar
1 Russiýa Federasiýasy
2 Kanada
3 Hytaý HDR
4 ABŞ
@AppEdit 2 hepde öň
Reklamaň üçin greenkardyň utar seň))
@Tokmak 2 hepde öň
ABŞ-ny gowy görýän ekeniňiz. Menem erbet göremok bu ýurdy. Geljek üçin düzen planlarymyň kiçiräk bir bölegi bu ýurt bilen bagly. Ýöne ýazanlaryňyz käbir ýerlerinde nätakyklyklar bar. Olaram sanap, höwesiňizi gaçyrmaýyn.
@Hypatia 2 hepde öň
Aý, Amerikada näme bareý ykdysadyýeti ösen diýmeseñ))
@lifeisgood07 2 hepde öň
Amerikany halamok kagyz ýüzünde demokratik döwlet ykdysadyýetde ondanam gowy köp ahlak taýdan bozuk döwlet
@Shahan1900 2 hepde öň
Gyran degsin so Amerika
@Nemelaý 2 hepde öň
Amerikany Emir atly özbek açypdyr.
Emir şol ýere göçüp baranda dostlary "Emir eke, Emir eke" diýipdirler, şonluk bilen Amerika bolup galypdyr))
@rosso 2 hepde öň
Amerika bu materigin ady.
1.Birleşen Ştatlar dünýäde iň uly döwlet däl.
2. Nämä görä güýçli? Harby taýdan hem iň güýçlisi däl.
3. Nämesi baý? Tebigy resurslarmy ýa başga zatmy?
4. Iň gyzykly - ylalaşýan. Başga biri ylalaşman biler emma iň gyzykly diýilýän zat adama görä üýtgeýär. Herkimin gyzyklanýan zady başga.
Tema: i love usa ekena, negatiw taraplarynam sanamaly ekeniň. Positiw taraplaryny hem dogry yazmansyn.
@Annagul 2 hepde öň
Teswirleriňizi okadym. Pikirleriňizi hasaba alýaryn.
@Raymond 2 hepde öň
woenny byujeti russiyadan yuzlerce esse kop emma russiyañ yarysyçada yoga