Aşgabatda täze Estetiki merkez gapylaryny giňden açdy
 Aşgabatda täze Estetiki merkez gapylaryny giňden açdy

Aşgabatda täze Estetiki merkez gapylaryny giňden açdy +1

MissMeri, 12.10.2020
Paýtagtymyzdaky döwrebap lukmançylyk binalarynyň gurşawynda emele gelen täze Estetiki merkezde gözelligiň we estetikanyň ähli ugurlary boýunça raýatlarymyza ýokary hilli kosmetiki hyzmatlary bermek üçin zerur şertleri döretdi. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň innowasiýa tehnologiýalaryna esaslanýan lukmançylyk we ýöriteleşdirilen enjamlary oturdyldy.

Milli Liderimiz bu merkeziň işi bilen hem tanyşdy. Döwrebap merkeziniň bölümleri adam bedeniniň gözelligini, agramy düzetmek işini, owkalamak, dynç alyş amallaryny, saç bejermek we kosmetologiýa hyzmatlary bilen birlikde saglyk hyzmatlaryny hem hödürleýär. Bu ýerde dürli aýak kesellerini, şol sanda süýji keseli sebäpli ýüze çykýan alamatlary ir anyklamak hem mümkin bolar.

Bu merkezde raýatlara maslahat beriş, estetiki lukmançylygyň umumy ugurlary boýunça okuw sapaklaryny geçirmek boýunça bölümler hem bar. Şol sanda bu ýerde işlejekler üçin ýerli we daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagynda okuwlar  geçirilip durlar.

Çeşme: turkmenportal

                                                          @MissMeri
BU BLOG 2152 GEZEK OKALDY.

Teswirler