Aslynda dellekçiler ýok! (Gyzykly hekaýa)
Aslynda dellekçiler ýok!    (Gyzykly hekaýa)

Aslynda dellekçiler ýok! (Gyzykly hekaýa) +2

MissMeri, 02.10.2020
Bir adam saçyny kesmek we hemişeki ýaly sakgalyny syrmak üçin dellekhana geldi. Oňa hyzmat eden dellekçi bilen söhbetdeş boldy. Dürli zatlar hakda gürleşip, birden söhbet Hudaýa tarap öwrüldi.
 Saççy:
 - “Näme diýseňizem, Hudaýyň bardygyna ynanamok.
 - Näme üçin? - Müşderi sorady.
 - Hawa, bu gaty düşnükli. Hudaýyň ýokdugyna göz ýetirmek üçin köçä çykmak ýeterlikdir. Aýdyň, Hudaý bar bolsa, näme üçin syrkaw adamlar beýle köp? Köçede bolsa seredilmeýän, idegsiz çagalar nireden? Eger hakykatdan bar bolsa, görgi ýa-da agyry bolmazdy. Bizi söýýän Hudaý bularyň hemmesine, şolar ýaly ýol berýänine, göz öňüne getirmek kyn.
 Müşderi bir salym oýlandy, ýöne jedele girmezlik üçin dymmak kararyna geldi. Saç kesmek işini gutarandan soň, müşderi gitdi. Dellekden çykyp, köçede ösgün we sakgaly syrdyrylmadyk bir adamy gördi (saçyny ençeme ýyllap kesmedik ýalydy, gaty bulam-bujar görünýärdi). Soňra müşderi dellekhana gaýdyp geldi we dellekçä:
 - Size näme diýjegimi bilýäňizmi?... Dellekçiler ýok.
 - O nähili? - dellek geň galdy. - Men näme hasaba giremokmy? Men dellekçii ahyry (парикмахер-saççy) .
 - Ýok! - şol wagt bat bilen jogap berdi. - Olar çyndan ýok, ýogsam daşarda bulam-bujarly, seredilmedik saçly we ösgün sakgally, adam gezip ýöremezdi. 
 - Ýöne, gadyrdan adam, dellekçilerde sebäp ýok ahyry. Adamlarda sebäp, olaryň özleri, meň ýanyma, ýörite gelenoklar ahyry.
 - Anha, bar sebäbi, şol aýdanlaryňda. - Müşderi göni jogabyna, tassyklap, dowamyny goşdy. 
- Menem şony aýytjak bolýan: Hudaý bar. Aslynda adamlaryň özleri Hudaýy gözläp we onuň ýanyna golaýlaşjak bolup synanşanoklar. Şonuň üçin dünýäde gaty köp azap we görgi görülýar. - Ol müşderi,  şeý diýip ýene-de sözüniň yzyny goşdy.

                                                          @MissMeri
BU BLOG 2035 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MyratDowlet 2 hepde öň
Waý bä. Bet hekaýa.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Negtiw göz bilen okap başlapdym welin netijesi gowy bolup çykaýdy @missmerri
@MyratDowlet 2 hepde öň
Wah balym ýetenok ekeni. Bolmasa WIP bloga öwürjekdim.
@MissMeri 2 hepde öň
Спасибо
Köp köp minnetdar!!! ))
@Azimmuhammet 2 hepde öň
Мда. Интересныja hekaya
@MissMeri 2 hepde öň
Спасибо!))
Рада, что понравилась притча...