Astronomik Birlik we Ýagtylyk Ýyly
Astronomik Birlik we Ýagtylyk Ýyly

Astronomik Birlik we Ýagtylyk Ýyly +2

@maxwell | 26.08.2019 ý.
Gündelik durmuşymyzda ulanylýan ölçeg birlikleriniň aglabasy Astronomik ölçeglerde öz manysyny ýitirýär. Munyn sebäbi asman jisimlerine degişli parametrleriň ummansyz uly bolmagydyr. Uly sanlary ýazmak hem hasaplamak oňaýsyz hem-de işleri kynlaşdyrýar. Şol sebäpli ulanylmasy amatly bolan bir näçe ululyklar girizilipdir.

Astronomik Birlik (ab) — Astronomical Unit (AU, au). Günden Ýere çenli bolan uzaklyga 1 Astronomik Birlik (ab) diýilyär. Kepleriň I kanunyna görä planetalar ellips orbita boýunça hereket edýär. Güne käte ýakynlaşyp käte ondan uzaklaşýarlar. Günden bize çenli ortaça uzaklyk 149,597,870,700 m, takmynan 150mln km-dir. Asman jisimleriniň uzaklyk ölçegi üçin ýagtylyk ýyly, parsek we astronomik birlik ululyklary ulanylyar. AB Gün Sistemasyndaky jisimleriň aradaşlygyny ölçemek üçin amatlydyr. Gün, Akmaýanyň Ýolyndaky ortaça 400 milliard ýyldyzdan diňe biri bolup, spiral şeklindäki Galaktikamyzyň Orion şahasynyň iç ýüzünde ýerleşyär.
1 — nji surat. Galaktikamyz.

AB hasaplanyşy

Ýokardaky deňlikden peýdalanyp Gün älemindaki jisimleriň Günden näçe ab uzakda yerleşýänligini hasaplamak mümkin. Weneranyň (Agşam şapagyndan soň ýa-da Gün dogmazyndan öň asman gümmezinde peýda bolýan iň parlak jisim ) Günden näçe ab uzakda ýerleşýänligini hasapalasak:

1 ab → 149,6 mln km

x → 108,2 mln km

denleme.JPG 17.46 KB
Dünýäniň ekizi Weneranyň Günden uzaklygy 0.72 ab çykar.
2 — nji surat. Gün we Planetalar.
Bellik: 2 — nji surat dogry, takyk ölçeglerde däl. Planetalaryň ady (çepde → saga) aşakdaky 1 — nji jedwelde berilýär
image.png 22.88 KB

Ýagtylyk ýyly (ý.ý) — Light Year (ly)

Ilki başda “ýyl” sebäpli wagty aňladýan ululyk ýaly görünmegi ahmal, ýöne däl. Ýagtylyk ýyly (ý.ý), gysgaça aýdylanda ýagtylygyň 1 ýylda geçen ýoluna diýilýär. 1 ý.ý 9,46*10¹² km-e ya-da ortaça 9,5 trillion km deňdir.

Ý.Ý hasaplanyşy

Fizikadan ýadymyzda bolsa geçilen ýol, wagt bilen tizligiň köpeltmek hasylyna deňdi.

Geç.ýol = (wagt)*(tizlik)

Geç.ýol = (1 ýyl)*(ýagtylygyň tizligi)

Wagt ?
1 ýylda näçe sekunt bar? ( Sekuntda bolasy hökman däl, tizligin birligi km/sek bolany üçin sekuntda hasaplarys)

1 ýylda 365 gün,

1 günde 24 sagat,

1 sagatda 60 minut,

1 minutda 60 sekunt bar bolsa

1 ýylda 365*24*60*60 = 31536000 sekunt bolar.

Ýagtylygyň tizligi*
takmynan 300,000 km/sek.

1 ý.ý = (31536000 sek)*( 300,000 km/sek)

Sekuntlar biri-biri bilen gysgaldy. Diýmek ýagtylyk , “boş” ginişlikde 1 ýyl hereket edende ortaça 9,4608*10¹² km ýol geçýär eken.

Gün şöhlesi bize (150*10⁶ km)/(300*10³ km/sek) = 500 sekunt ýa-da 8 minut 20 sekuntda gelip ýetýär. Başgaça aýdylanda Mawy Zeminimiz Günden 8 ýagtylyk minudy uzakda ýerleşýär.

Parsek — Parsec (pc)

1 parsek
3,26 ý.ý-na deňdir. Has uzak aralyklar üçin kpc, Mpc ulanylýar.

k : kilo = 10³ =1000

M: Mega =10⁶ = 1000000

*Ýagtylygyň tizliginiň nireden nähili gelip çykarylýanlygyny görmek üçin Klassyky Elektromagnitizmany esaslandyran Maxwell deňlemelerine ýüz tutmaly.


Asman jisimlerini ýakyndan öwrenmek isleýänler üçin Ýyldyz Ululygy Sistemasy ýaly bir möhüm tema.


Çeşmeler:

1. Astronomiýa. Orta mekdepleriň X synpy üçin synag okuw kitaby, 2007. H. Meläýew, G. Gurbandurdyýew, H. Hydyrow. Türkmen döwlet neşirýat gullugy.
bu blog 263 gezek okaldy

Teswirler

@FAT_TONY 3 aý öň
Amerkan bolsan belki nasa seni ise alardy son adamzada peydan yeterdimi namemi