Ata Atajanow "Näme ýazygy bar?"
Ata Atajanow

Ata Atajanow "Näme ýazygy bar?" +12

@white | 01.12.2018 ý.
 
Ýok,ýaşyrjak bolup meyilem etme.
 Men muny bilyärin,öñdenem añyan.
 Emma özüm cekip gam kerwenini,
 Basharsam bu hakda agzaman oñyan.
 
 Belki,erkim alan ala gozleriñ,
 Gaharmyn öñüne böwet basyandyr.
 Belki,bize diyyan dashardan biri
 Bägüle bukulyp gulak asyandyr?
 
 Iñ esasam öz yanymdan ilki men,
 'erte owrensherler, chöshüler towlar,
 Ene ene bn ysnyshar hökman,
 Sowuk duygularyn dumany sowlar'
 
 Diyip,tama etdim, umyt bagladym,
 Käte senin tarapynam caldym men,
 Kalbymyn kabesin halamayanñy
 Duymadyk, bilmedik bolan boldum men.
 
 Sheydip yyllar gecdi, ejem bolsa meñ,
 Barha seyrekletdi bize gelmesin.
 Eysem,ol cat acan, cöken yüregni
 Nicik seyiklesin, 
 nadip yelmesin?
 
 Ejem indi örän az gelyar bize,
 Emma ayan mana bizi küyseyshi.
 Gelin gülüp cyksa, geljek görgüli,
 Galsa-da oyunde ishi, pishesi.
 
 Dogry,gelse ona gygyny pürküp
 Gaty-gayram sozem aydanok shindi.
 Yöne jebir ceken ene yuregi 
 Mähirsiz yurege sözsüz
 dushundi.
 
 Ejemin ökceli tufli ya atyr.
 Ya gyrmyzy hyna ya baloniya
 Tamakin daldigini ozuñem bilyäñ
 Yylda tikdirenok taze dony ya.
 
 Bir kilo hurmany bir yyla bölüp,
 Bir yyllyk alkysh aydany.
 Henizem yadymdan cykanok menin
 Oña dünyäñ berilendir öydeni.
 
 Hawa, hic zat hantama dal ol
 bizden,
 Hosh soz gerek onun argyn janyna
 Agtyklary : mama! diyship ir bilen
 Gol geriship barsa bolya yanyna.
 
 'Balam!'diyip,
 bada basya bagryna,
 Sho pursatda tapanok ol kan sözem.
 Yashlyk ody bn yagtylyp gidya
 Ak merjen gacyryan gubarly gözem.
 
 Ene yureginin bu beyik bagtyn.
 Sen ishe güymenip,
 gormedik bolyañ.
 Erte gayyn ene boljak,
 yash ene.
 Gayyn ena pikir bermedik bolyañ.
 
 Gayyn ene gamly-gamly garayar:
 'Guwanayyn balalarym
 boyñuza',
 Sypalayar korpelerin gulpagyn
 'Geleyin men ertir uly toyñuza'
 
 Son yene-de gidiberya sedasyz.
 Göwni bizde galya
 göwresi yolda.
 Näme diyip,
 näme aytjagym bilman,
 Menem garap galyan gözgyny halda.
 
 Bize bu alemi beren enänin
 Name yazygy bar?
 Name ayby bar?
 Belki,sen bilyansin,
 dushundir mana
 Bu dumana dozeyin men nicezar? 

Awtory: Ata Atajanow
bu blog 101 gezek okaldy

Teswirler

@Nejis 2 hepde öň
Hak aydon (((
@white 1 hepde öň
@Nejis :) sagbolun
@Guvanch 1 hepde öň
bah, yerine dushupdir.
@Mahym 1 hepde öň
Goze yash aylady bu goshgy
@Topban 1 hepde öň
++++
@Jepax 1 hepde öň
Goshgy okamagy halamok dip girdim yone tasir galdyrdy.
Älemjahan