Ýatlamak ukyby

Ýatlamak ukyby +3

@Graff | 07.06.2019 ý.
     Bir hytaýly akyldar gar basan meýdandan ýöräp barýarka aglap oturan zenana gözi kaklyşypdyr.
     — Näme üçin aglaýarsyň? — diýip, akyldar zenana sowal beripdir.
     — Näme üçin aglamaýyn, geçip barýan, ýaşlygym, gözelligim, janymdan eý gören ýarym hakda oýa batýaryn. Hudaý maňa ýatlamak ukybyny berip, zabun darady. Ol meniň ömrümiň baharyny ýatlap aglajaklygymy bilýär ahbetin:
     Dana gar örten meýdanda şol bir nokada tiňkesini dikip, oýa batypdyr. Birden zenan maşgala aglamasyny goýup, sowal beripdir:
     — Ýeri, ol ýerde näme gördüňiz beýle?
     — Burk urup, anbar saçyp oturan gülleri. Hudaý ýatlamak ukybyny berende maňa uly peşgeş eçilen eken. Ol aýazly gyşlarda meniň hemişe ýaz paslyny ýatlap ýylgyrjaklygymy bilendir.

@Graff
bu blog 102 gezek okaldy

Teswirler

@Jepax 3 aý öň
Yapacak bisey yok, yola devam
Älemjahan