Aýrylmagam bar...
Aýrylmagam bar...

Aýrylmagam bar... +3

Aýlara, 20.03.2020

Her kim çalýar aýralygyñ sazyny,
 Gyşa öwrūp būtin bahar ýazyny,
 Allam gõrkezmesin betbagt gūni,
 Ýaryñdan däl jandan aýrylmagam bar.
 
 Bar dünýäde aýrylan Käbesinden
 Jyda düşen mäherem Enäñ sesinden
 Biz bolsa gynanýas ýõne bir ýere
 Ol mährem ynsandan aýrylmagam bar.
 
 Gözýaş edýän bardyr söygüsi üçin,
 Garşylyk görmedik duýgusy üçin
 Bar wagty bileliñ olañ gadryny
 Gūn gelip Kyblañdan aýrylmagam bar.
 
 Hasrat çekip bu älemiñ derdinden
 Goldaw gözleýäris kate herkimden
 Gorap bizi elmydam söýip gelen
 Mert ýigit agañdan aýrylmagam bar.
 
 
 Syrdaş gözleyäris natanyşlardan
 Ýakynyñ däl uzak ara daşlardan
 Jigim diýip seni söýýändir jandan
 Şol eziz uýañdan aýrylmagam bar.
 
 Başyñ arşa ýitip beýiksireseñ,
 Dolan ýaly bolsa ol sabyr käsäñ
 Aldanyp şeýtanyñ aldawyna gelseñ
 Ar-namys,abraýdan aýrylmagam bar.
 
 Şükür Allam baýlygy bagş edipdir,
 Maşgalam bar başym göge ýetip dur,
 Gowy erbet her bir gūnūm ötūp dur,
 Aýy,Güni görmän aýrylmagam bar.
 
 Howasyn gursagyña çekip bilmeseñ,
 Bagy,ýaýlasynda bökūp bilmeseñ
 Dert bilinmez eger çekip görmeseñ
 Dogduk mekanyñdan aýrylmagam bar.
 
 Ýeke gülküsi ýaraña melhem bolan,
 Kä olardyr gülkiñe sebäp bolan.
 Uýam,agam diýip ýylgyryp duran
 Eýjejik jigiñden aýrylmagam bar.
 
 Aýlara aýdar garaz gepiñ gysgasy,
 Her kimiñ bar öz gaýgy aladasy,
 Allajan hiçkime bermesin yasy,
 Ajal gelse jandan aýrylmagam bar.

Awtory:Aýlara Atajanowa
BU BLOG 1945 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Dipsomaniac 2 hepde öň
Bagy yaylasynda name un bokmela
@Aýlara 2 hepde öň
Dogduk mekanyňyz ýagny ol ýer siziň çagalygyňyzyň geçen ýeri iň süýji ýatlamalaryň ummany ýaly. Çaga wagtyňyz doglan çagalygyňyzyň geçen ýerinde aýak basyp Ata Watan topragyna bagynda,ýaýlasynda,deresinde,düzünde böküp oýnan wagtyňyz bolmadymy hiç?! :)