Aýna, aýna, aýt sen maňa...

Aýna, aýna, aýt sen maňa... +13

MissHappy, 27.06.2020
Aýnalar, aýnalar... Oýlap tapylanyndan bäri biziň durmuşymyzda öz kiçi bolmadyk orunlaryny eýeläpdirler. Ýöne her haçan hem bize öz täsirini ýetiren zat onuň bizi nähili görkezenligi däl-de, biziň özümizi nähili görenligimiz boldumyka diýýän. Kähalatlar aşyklar ony ýaryna ''Saňa senden owadan sowgat tapmadym'' diýmek üçin ulanypdyrlar. Aşyklara bu sözlemi aýtmaga kuwwat berýän zat öz ýarlarynyň owadanlygyndan beter, köp adamlaryň özlerini bolşundan has owadan görýändikleri bolsa gerek. 
 
 Owadan bolmak, hat-da özüňi owadan görmek erbet zat däl, elbetde. Ýöne oňa buýsanmak azajyk howply bolup bilermi ýa-da näderejede manyly? Durmuşda bize degişli bolan zatlaryň köpüsini özümiz saýlap alýarys, ýöne belkem has köpüsi biziň saýlap almadyk zatlarymyzdan ybarat. Haçan doguljagymyzy, haýsy maşgalanyň  (baý, garyp, gowy, erbet) agzasy boljakdygymyzy, haýsy milletden boljagymyzy, doganlarymyzyň sanyny, daşky görkümiziň aglaba böleginiň nähili boljakdygyny (aglaba bölegi diýýärin, sebäbi sport arkaly şekil bermek we şuňa meňzeş aýawlar arkaly belli bir derejede owadanlaşdyrylyp bilner) özümiz saýlamadyk. Ne owadan adamlar, ne-de betnyşan adamlar şekillerini özleri saýlamadylar. Elbetde bu ýagdaýa maýyplyk hem degişli. Nesibämizde bolan zat arkaly öwünmek ýa-da kemsinmegiň nä derejede manylydygyny pikirlenmegi size goýýaryn. Sarpa mynasyp bolan zat yhlasmy ýa-da nesibemi? 
 
 Öz şahsy durmuşymda görmegeýligimi kemsiden adam bolmady. Ýöne başga saýlamadyk zatlarym arkaly kemsidilmäge çalşyldym. Ýöne elbetde bu hakykata göz ýetirenligim sebäpli kemsinmekden öte, biri-birini kemsitmäge çalyşýan adamlaryň halyna gynandym. Belki bir-biregiň göwnüne degmek üçin sarp edýän azabymyzy has peýdaly zatlara beren bolsadyk. Belki aýnalara seredip öz owadanlygymyzy soraman, adamlara seredip olaryň ýürekleriniň owadanlygyny görüp bilerdik. Belki aýnalardan aljak lezzetimizden has köp bolardy adamlardan aljagymyz. 
 
 Eziz okyjylar, bu tema diňe bir saýlamadyk owadanlygymyza degip geçenok. Bu tema saýlamadyk obamyza, saýlamadyk şäherimize-de degişli. ''Sen Maryly, sen Aşgabatly''ýa-da ''Sen gumly, dagly, düzli'' diýmegiň ýerine öz saýlap alan zatlarymyz barada gürrüň etsek has hakly bolmazmydyk? Goý, biz buýsanamyzda-da, gabananymyzda-da öz şahsy gazançlarymyz arkasyndan buýsanaly, gabanaly, söýeli. 
 
 ''Aýna, aýna, aýt sen maňa, menden owadany barmy bu Dünýäde?'' diýmäli.
 
 ''Aýna, aýna, aýt sen hemmä, hiç kim hiç kimiň göwnüne degmesin-le şu dünýäde'' diýeli.

Avtory: @kellebashayak, Ertirden
BU BLOG 4999 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Zehra 2 hepde öň
Göwün ýykmak/ýykylmak ýaly erbet zat ýokdur...
@lifeisgood07 1 hepde öň
Sarpa mynasyp bolan zat yhlas. Nesibe diýen sözi ulanasym gelmeýä. Şu ýyl olimpiadadan soň mugallym "Näme üçin ýer almadyň? Näme ýetmedi?" diýip soranda " Aý nesibedirdä diýenler bar araňyzda, ýer alp gelen wagtlary nädip ýer aldyň diýseň nesibe ýatlaryna düşenok, ýa-da tersine " men okanam bolsam ýeterlik okamandyryn siziň mekdebimiziň ynamyny ödäp bilmedim indiki ýyl nesip bolsa... diýýän ýüregi bn gynanýanlarymyzam bar. Esasy zat yhlas gerek Yhlasa - myrat" diýdi. Hemme ynsan owadan betnyşanlaram aslynda owadan ýöne olar öz owadanlygyny tapyp bilenoklar gözlemek üçin herekedem edenoklar :( Aýna seredip diňe ýüzi görüp bolýa ýüregi we pikirleri däl. Eger şeýle bolanda dünýä düzelerdi. Belki düşündiribem bilen däldirin indi ýazanmam pozasym gelenok birhilliräk boldy bu :/
@charymuradovna 1 hepde öň
avtory goze hosh yakdy:D kan bir blog okamak gylygym yok gaty seyrek. ertirde asla okamandymam. avtoryn govja bloglary bardy dp eshdipdim birini okamak nesip etdi)) govy movzuk yetirenine sps @MissHappy
@MissHappy 1 hepde öň
Haha) mowzuklaram hosh yakar m.p.)
@Jepax 1 hepde öň
"Ayna ayna ayt sen maña, Artygym meñ nirede?" Diyin siz gyzlar )
@MissHappy 1 hepde öň
:D
@charymuradovna 1 hepde öň
belki ady Artyk bolmaz? onnan ayna mana artyk gozlap tapmasa name?))
@Schastye 1 hepde öň
Не важно как ты выглядишь в зеркале, а важно то, как ты видишл себя в нём... 24.01.19г, näme üçindir gündeligimi diňe rus dilinde doldurypdyryn :D
@MissHappy 1 hepde öň
Hakykat :) russkiy owadan dil men uchina, ulanmaga udobno gelyar.
@Orel 1 hepde öň
Ynsan käwagt aýna bakmaly diýýä, owadanmykam diýip dälde adammykam diýip