Azajyk ýylgyralyñ

Azajyk ýylgyralyñ +4

@Redmi | 06.01.2019 ý.
Iki sany adam Hywa barypdyr. Olaryň öňlerinde bişirilen 
mäşli tabagy goýupdyrlar. Ilki bilen olaryň biri mäşden 
çemçäni dolduryp içip, ýokaryk seredipdir welin, beýlekisi:
— Näme gözüňi ýaşardyp, ýokaryk seredýärsiň? - diýip 
sorapdyr.
— Aý, hiç, yzymda bir syrkawym bardy. Şol ýadyma düşdi 
- diýip, mäş içen jogap beren.
Ondan soň beýleki hem mäşden içipdir welin, gyzgyn mäş 
onuň hem agzyny ýakypdyr. Onuň tabakdaşy:
— Seniň gözüň nämä ýaşarýar? - diýip soranda, ol:
— Seniň şol syrkawyň ölen bolsa gerek - diýipdir.

Bir aýalyň gizlin gatnaşyk edýän adamy äri barka gelipdir 
welin: «Ärim bir zat duýdumyka?» diýip, ertiri turup ärine:
— Aýu, pylany, şu pişigimiziň çagalaryna at hem 
dakamyzok, gel, şulara at dakaly - diýip, dört sany pişik çagany 
alyp, äriniň eline ikisini berýär, özi hem ikisini alýar. Ol soňra 
ärine:
— Ýeri, ilki sen at goý - diýen.
Äri hem:
— Ýok, ilki sen at goý - diýýär.
Şeýdip, ilki heleý at goýmaga başlan. Ol elindäki pişik 
çagalaryň birini ýerde goýup:
— Munuň ady Bildimikä bolsun - diýýär. Äri hem pişik 
çagalarynyň birini ýanynda goýup:
— Munuň ady Bilmese-de-bilmedi, bilse-de bilmedi -
diýýär.
Heleý beýleki pişik çagany ýerde goýup:
— Munuň ady Toba-toba bolsun - diýipdir.
Äri hem elindäki pişik çagany ýerde goýup:
— Goý, munuň ady Öwrenilen gylyk örkleseňem durmaz 
bolsun - diýen.

Bir adam özüni syçan hasap edeni üçin dälihana dushupdir. Liçenyasy gutaransoñ dogtor
-sen bir sycanmy, ya adam.
-namañ sycany, elbetde men adam diyipdir.
-onda indi gidip bilersin. sen gowlandyn - diyip dogtor jogap beripdir. yañky adam gapydan cykypdyram welin 
-komek edin- diyip yene gapydan icerik giripdir.
dogtor
-name boldy-  diyse
-bir pishik gordum. shondan gorkyan- diyipdir.
-hany yañy sen ozuni sycan hasap etmeyardiña 
- men sycan bolmadygymy bilyarin. yone pishik nabilsin
bu blog 98 gezek okaldy

Teswirler

@Redmi 2 hepde öň
azajyk aktiwrak gatnashalyn agzalar
@Garadaşly 2 hepde öň
dogry aýdýaň ertir ýogam bolsa
@Garaja68 2 hepde öň
1 sorta soz gaty gadymky, “sakgaly osup giden”.
Älemjahan