Barýer filosofiýasy.
Barýer filosofiýasy.

Barýer filosofiýasy. +7

@Montyoskyo | 26.08.2019 ý.
Barýer(çäklendirilen araçäk, geçilmeýän diwar) filosofiýasy. Barýer diýilýän zada durmuşda köp gabat gelýäs. Ýagny bir polýadan beýleki polýa geçilmez ýaly goýulan çäklendirme. Mysallar: Bankanyň içinde suw bar diýeli. Suw=1nji polýa, bankaň daşy=2 –nji polýa. Suwy daşky gurşawdan banka bilen çäklendirmeseň, ony arassaja saklap bolmaýar, içmek kyn bolýar, ýere dökülýär, ýere siňip gidýär. Ýagny banka bärde barýer bolup durýar. Dowam edýäs. Adamyň damarynyň içindäki gan. Gan=1-nji polýa, damar=2-nji polýa. Ganyň içine mysal üçin peşew gitse ýa bolmasa howa gitse ýa bolmasa mikrop gitse ýa hapa gitse garaz gan gan bolmaýar ol hapalanýar öz düzümini ýitirýär. Dowam edýäs. Howlyň içinde betonly ýer bilen gumlyk ýeriň arasynda barýer bolmasa onda ýagyş zat ýagsa ýa bolmasa eýle beýle bolsa beton ýer hem palçyk bolýar üsti, bu ýagdaýda şo betonyň üstüni syryp süpürip ýörmeli bolýar garşa garşa. Eger gowja edip beton ýer bilen gumlyk ýer çäklendirilse onda onça ýer syryp süpürmek gerek hem däl. Dowam edýäris. Tok(elektrik) akmasy üçin dielektrik sim bn barýer goýulmaly çäklendirilmeli. Dowam edýäris

 Çagalar bilen ýaşlaryň arasynda barýer bolmasa onda çaganyň psihikasy aň düşünjesi bulaşýar. Ýagny çagalyk dünýäsi diýilýän zat ýitip ugraýar, bu bolsa adamyň kemala gelmegine zyýanly. Çagalyk döwri çagalyk bilen geçmesi üçin ulylaryň dünýäsi bilen çagalar dünýäsiniň arasynda barýer bolmaly. 18+ diýilýän ýazgy hem degişli. Çagalyk döwründe trawma alan adamlar soň ulalanynda trawmalaryň yzy galýar we bu normal däl ýagdaý, çünki çagalyk döwri çagalyk dünýäsini barýerlaryň içinde ýaşamady. Gysgaça şulardan ybarat.

bu blog 315 gezek okaldy

Teswirler

@Gnusmas 3 aý öň
Juda dusunmesi yenil bolupdyr. Berekella dowamly!
@FAT_TONY 3 aý öň
Namesine dusunmelidigine dusunemok mena
@Gnusmas 3 aý öň
@FAT_TONY caga terbiyesinde-de yasyna gora terbiye bermeli diyiljek bolya.