Baýlyk, Rowaçlylyk we Söýgi (tymsal)
 Baýlyk, Rowaçlylyk we Söýgi (tymsal)

Baýlyk, Rowaçlylyk we Söýgi (tymsal) +2

MissMeri, 18.11.2020
 Aýal öýünden çykanda, köçe howlusynda uzyn ak sakgally üç sany garry adamlary gördi. Ol olary tanamady. Ol aýal diýdi:
 
 - Belki, biz tanýş däldiris, ýöne siz aç bolmaly.
 
 Öýe geliň, geçiň, iýiň.
 
 - Ýanýoldaşyňyz öýdemi? - diýip soradylar.
 
 - Ýok, ol jogap berdi - Ol öýde ýok.
 
 'Onda biz girip bilemzok'- diýip olar jogap berdiler.
 
 Agşam adamsy öýüne gaýdyp gelende, aýaly, oňa näme bolandygyny, gürrüň berdi.
 
 - Bar-da, meniň öýdedigimi aýt we olary öýe çagyr! - diýip, adamsy aýtdy.
 Aýal daşary çykyp, garrylary çagyrdy.
 'Biz bilelikde öýe girip bilemzok' - diýip olar jogap berdiler.
 
 - Näme üçin-kä? - aýal geň galdy.
 
 Garrylaryň biri düşündirdi:
 - Onuň ady Baýlyk, - diýip, dostlarynyň birine yşarat edip, we hem beýlekisine yşarat etdi:
 
 - A onuň ady Rowaçlylyk, we meniň adym Söýgi. - Soňra sözüniň üstüni ýetirdi:
 
 - Indi şuwagt öýe gidip we adamyňyz bilen gürleşiň, öýüňizde haýsymyzy, görmek isleýändigiňizi barada.
 
 Ol aýal gidip, eşiden zatlaryny adamsyna aýtdy. Onuň adamsy gaty begendi.
 
 - Nähili gowy! - ol diýdi, - Eger hakykatdanam saýlamaly bolsa, Baýlygy çagyraly. Goý ol gelip, biziň öýümizi baýlyk bilen doldursyn!
 
 Emma aýaly muňa garşy çykdy:
 - Gymmatlym, näme üçin Rowaçlylygy, biz çagyryp bilmeris?
 
 Olaryň burçda oturan gyzy, kakasy bilen ejesiniň arasyndaky jedeli diňläpdi. Teklip bilen olaryň ýanyna, ol ylgady:
 
 - Näme üçin Söýgini çagyryp bilmeris? Galyberse-de, öýümizde söýgi höküm sürer!
 
 Adamsy aýalyna: 'Gel, gyzymyz bilen ylalaşaýaly' - diýdi.
 
 - Bar-da Söýgiden biziň myhmanymyz bolmagyny aýdaý.
 
 Aýal çykyp, üç garrydan sorady:
 - Siziň haýsyňyz Söýgi? Öýe geliň, giriň we myhman boluň.
 
 Söýgi atly bir goja jaýyň tarapyna ugrady. We beýleki iki garrylar onuň yzyndan ýörediler. Geň galyp, hanym Baýlykdan we Rowaçlykdan gyzyklandy:
 
 - Men diňe Söýgini çagyrdym, siz näme üçin onuň yzyndan gidýärsiňiz?
 
 Garrylar jogap berdiler:
 - Baýlygy ýa-da Rowaçlygy çagyran bolsadyňyz, biziň ikimiziň galanymyz köçede bolardy, ýöne Söýgini çagyranyňyz üçin, ol nirä gitse bizem elmydama yzyna düşüp gitýändiris.
Söýgi bar ýerinde elmydama hem Baýlyk hem Rowaçlylyk (Şowlulyk) bardyr!
wealth, luck and love

                                                          @MissMeri
BU BLOG 1817 GEZEK OKALDY.

Teswirler