Borç
 Borç

Borç +6

white, 26.03.2020
Bir maşgalada är-aýalyň ýaşap ýörenlerine birnäçe ýyl bolsa-da olaryň hiç perzendi bolmandyr. Özlerini ýeke duýmazlyklary üçin olar maşgala agzasyna kiçijek güjüjegi getiripdirler. Günler geçip ol güjük ullakan syratly, owadan akylly it bolup ýetişipdir. Şol zatlardan soň 7 ýyl geçipdir, är-aýalyň ýyllar garaşyp ýören perzendi kemala gelipdir. Çaga başagaýlygy olaryň ähli wagtyny alansoň, olar öňki wepaly itine üns bermändirler. Itiň ýüz berilmeýändigini bilip ol kiçijek çagadan öz eýelerini gabanýan eken. Bir gün är-aýal öz kiçijek perzendini çaga otagynda goýup, açyk howada nahar taýýarlamak üçin daşary çykypdyrlar. Işlerini gutarşyp olar çaga otagyna barýarka ol ýerden agzy, burny gan bolan öz itiniň guýrugyny bulaýlap çykyp gelşini görýärler, erbet pikirler bilen itiň bu etmişleri üçin ol çaganyň kakasy elindäki duran aşhana pyçagyny ol itiň böwründen geçirip, çaga tarap ylgaýar. Görse olaryň çagasy süýji ukuda ýatan, onuň ýanynda bolsa gana bulanyp ýatan kellesi goparylan ýylana gözleri düşýär. Öz gözýaşlaryny saklap bilmedik çaganyň kakasy “Men öz wepaly itimi öldürdim” – diýýär, ol yzyna dolanyp itiň ýanyna baranda, demini sanap oturan it eýýäm bu dünýeden ötüp gidipdir.
 
 Gürrüňiň moraly: Biz nähili derejelerde adamlary tanaman olar barada erbet pikirleri edýäris, iň ýaramaz ýagdaýy adam diýlen ynsan başga bir adamyň nähili günleri geçirenini bilmän özüçe baha bermäge başlaýar. Başga birine bolan her bir aýdylan söz, her bir edilýän hereket onuň aňarsynda nämeleriň ýatandygyny bilmän edilýär. Siziň bu günki özüňizçe düşünip baha beren hereketiňiz, ertesi gün siziň ajy ökünjiňiz bolup biler. Şol ynsanyň ädigi bilen ýol geçmän ol barada erbet pikirleri etmek, onuň etmedik günäsini götermekdir. Başga birine bolan erbet pikirleri etmezden ilki onuň nähili dertlerden geçendigine seredip görüň.

white tarapyndan terjime edilen
white tarapyndan durmuşy moral
BU BLOG 2007 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Schastye 1 hepde öň
Köptaraplaýyn pikirlenmegi başarmaly ......