Bürgüdiň takdyry
Bürgüdiň takdyry

Bürgüdiň takdyry +4

@Graff | 04.06.2019 ý.
     40 ýaşyna baranda bürgüdiň penjelerindäki dyrnaklary has uzap, ýumşarmyşyn, onsoň onuň bu penjeleri bilen awuny almaga gurby çatmazmyş. Onuň çüňki hem has uzap, egrelip, alan şamyny tüýtmeläp iýmäge mejaly bolmazmyş. Ganatlaryndaky hem döşündäki per-ýelekler-de has gürelip we agralyp, uçmaga päsgel berermiş. Onsoň bürgüt iki ýoluň birini saýlamaly bolýarmyş: ýa-ha ölmeli, ýa-da özgerişiň 150 güne çekýän uzak hem yzaly möhletini başdan geçirmeli bolarmyşyn...
     Ol özüniň dag gerşindäki höwürtgesine uçup baryp, çüňki tä döwlüp, düşäýýänçä ony gaýa urarmyşyn... Soňra täze çüňk çykýança takat edip garaşyp, ösüp, berkän çüňki bilen dyrnaklaryny goparyp taşlarmyş. Täze, berk dyrnaklar ösüp çykanda bolsa, bürgüt penjeleri bilen döşündäki hem ganatlaryndaky agram berýän garry tüýleri — perleri ütüp çykarmyş... Şonda — çüňk, dyrnak bitip, per örmek bilen bagly bolan bäş aýlyk jebri-jepadan soň, bürgüt ýaňadan döräp, ýene otuz ýyl ömür sürüp bilermişin...
     Köplenç halatda biz ýaşaýşymyzy dowam etdirmek, diri galmak üçin özgermäge mejbur bolýarys, käte bu ýagdaý agyry, gorky, şübhe bilen utgaşykly gelýär... Biz geçmişiň hakydasyndan, endikdir adatlaryndan saplanmaly bolýarys... Geçmişiň agyr ýükünden — derdeserinden dynmagy başarmak bize şu pursatdan lezzet almaga we özümizi geljege taýýarlamaga mümkinçilik berýär...
P.S. Bu ýazgyny kyrk ýaşan günüň we kyrkdan geçen çagyň okamak has-da täsirli boljak eken.
bu blog 62 gezek okaldy

Teswirler

@Turkmensoft 1 hepde öň
Geň takdyr berlipdir bu jandara
Älemjahan