Bu ýerde (Köneürgenç)
Bu ýerde (Köneürgenç)

Bu ýerde (Köneürgenç) +1

@123456 | 24.06.2019 ý.
Adyň dillerde aýdym
Waspyň illere ýaýdym
Şyh Kubra, Aşyk Aýdyň
Pirler ýatyr bu ýerde
 
Huw-hak diýip ýörenler
Golun haka berenler
Üç ýüz altmyş erenler
Ärler ýatyr bu ýerde
 
Hiç kim bilmez ykbalyn
Alymmy ýa-da zalym
Adamzada nämälim
Görler ýatyr bu ýerde
 
Küli göge sowrulan
Ýurt diýip, ýanyp gowrulan
Rowaýata öwrülen
Nerler ýatyr bu ýerde
 
Milli baýlygym-genjim
Könürgenjim buýsanjym 
Bagtyýarlyk geljegim
Ýollar  ýatyr bu ýerde
 
Annatuwak Kakaýewa
bu blog 71 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan